Oýun sanawy
2026-njy ýylyň 14–16-njy apreli aralygynda Türkmenistanyň paýtagty ilkinji gezek iri halkara syýahatçylyk forumynyň we TurkmenTravel-2026 sergisiniň geçiriljek meýdançasyna öwrüler. Ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynda dünýäniň syýahatçylyk guramalarynyň wekilleri, awiakompaniýalar we pudagyň öňdebaryjy ýolbaşçylary ýygnanar.
Gün tertibinde — syýahatçylygy sanlylaşdyrmak, lukmançylyk we bilim ugurly syýahatçylyk marşrutlary, myhmanhana işi hem-de halkara hyzmatdaşlygynyň täze görnüşleri bar. Döwletler öz medeni we syýahatçylyk mümkinçiliklerini tanyşdyrmak üçin milli pawilýonlaryny hödürlärler.
Çäräniň guramaçylary — «Talvas Ýoly» ÝGPJ we Oguz Forum & Expo bolup, ol Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň hem-de Söwda-senagat edarasynyň goldawy bilen geçirilýär.
Forumyň esasy maksady — Aşgabat şäheriniň sebit we dünýä derejesinde syýahatçylyk, maýa goýumlary we işewürlik dialogy üçin özüne çekiji ugur hökmünde abraýyny berkitmekdir.
Şeýle hem okanyň


Türkmen alabaýynyň baýramynda iki hünärmene «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly at dakyldy
26 Okt. 07:21Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow milli baýramçylyk bolan Türkmen alabaýynyň güni mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly ady dakmak baradaky degişli Permana gol çekdi. TDH habarlar gullugynyň habar bermegine görä, bu resminama milli itşynaslyk mekdebiniň köpasyrlyk däplerini saklamakda hem-de türkmen alabaýlarynyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda uly hyzmatlary bitiren zähmetkeşleri sarpalamaga gönükdirilendir.
Döwlet Baştutanymyzyň Permanyna laýyklykda, alabaý itlerini ylmy esasda saklamakda, köpeltmekde we olaryň tohum arassalygyny goramakda köp ýyllaryň dowamynda çeken halal hem-de göreldeli zähmeti göz öňünde tutulyp, iki raýata bu ýokary döwlet ady gowşuryldy. Şunlukda, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň Merkezi gulluk itlerini köpeldiş we kämilleşdiriş ýeriniň uly tehnigi Begmyrat Halwatjanow hem-de Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby bölüminiň it idedijisi Parahat Bäşimow bu mukaddes ada mynasyp görüldiler.
Ata-babalarymyzdan miras galan türkmen alabaýlary halkymyzyň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Häzirki wagtda ýurtda alabaýlaryň baş sanyny artdyrmak, olary halkara derejede wagyz etmek we harby hem-da hukuk goraýjy edaralarda gulluk itleri hökmünde netijeli ulanmak boýunça giň göwrümli döwlet maksatnamalary üstünlikli amala aşyrylýar.
Şeýle hem okanyň