Oýun sanawy


ABŞ-nyň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Türkmenistana resmi sapar bilen geldi
22 Ýan. 06:48ABŞ-nyň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili, ilçi Serjio Gor 2026-njy ýylyň 22–23-nji ýanwarynda Türkmenistana iş saparyny amala aşyrýar. Bu sapar Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösüşine gönükdirilendir.
Resmi maglumatlara görä, saparyň dowamynda ýörite wekil Türkmenistanyň ýokary derejeli döwlet ýolbaşçylary hem-de işewür toparlaryň wekilleri bilen birnäçe möhüm duşuşyklary geçirer. Gepleşiklerde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny ösdürmek, sebit durnuklylygyny pugtalandyrmak we Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky ykdysady gatnaşyklary giňeltmek meseleleri ileri tutulýar.
Amerikan tarapynyň bellemegine görä, ABŞ Türkmenistan bilen sebitde abadançylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen, iki tarapa-da peýda getirjek hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmaga uly gyzyklanma bildirýär.
ABŞ-nyň ýörite wekiliniň bu sapary türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň yzygiderli ösýändigini, şeýle hem Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasynda syýasy, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmaga bolan özara islegi aýdyň görkezýär.
Şeýle hem okanyň


Türkmenistanyň Daşary işler ministri GDA-nyň Baş sekretary bilen duşuşyk geçirdi
10 Sen. 12:42Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 111-nji mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedew bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň metbugat gullugy habar berýär.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar 2026-njy ýylda Türkmenistanyň Arkalaşykdaky başlyklygynyň ileri tutulýan ugurlaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmek hem-de GDA-nyň çäklerinde amaly hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini maslahatlaşdylar.
Duşuşykda 2026-njy ýylyň 7-nji we 9-njy oktýabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň we Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlislerine taýýarlyk hem-de olaryň guramaçylyk meselelerine aýratyn üns berildi.
Söhbetdeşligiň ahyrynda taraplar köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin bilelikdäki amaly işleri dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.
Şeýle hem okanyň