Oýun sanawy


«Merkezi Aziýa – Ýaponiýa» dialogynyň ilkinji sammitine gatnaşmak maksady bilen Tokioda iş saparynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň başlygy Fukuşiro Nukaga hem-de Türkmen-ýapon parlament dostluk toparynyň ýapon tarapynyň ýolbaşçysy Endo Toşiaki bilen duşuşyklar geçirdi. Duşuşyklaryň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi, şol sanda parlamentara gatnaşyklary pugtalandyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
«Türkmenistan» gazetiniň habar bermegine görä, gepleşiklerde iki ýurduň halkara guramalaryň, aýratyn-da BMG-niň çäginde işjeň hyzmatdaşlyk edýändigi bellenildi. Taraplar halkara derejesinde özara hereketleri utgaşdyrýarlar hem-de umumy parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen başlangyçlary goldaýarlar. Şeýle-de «Merkezi Aziýa – Ýaponiýa» formatyndaky köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösýändigi nygtaldy.
Söwda-ykdysady gatnaşyklar türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde görkezildi we onuň uzak möhletli, durnukly häsiýete eýedigi bellenildi. Ýyllaryň dowamynda Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň iri kompaniýalary gaz senagaty, himiýa pudagy we beýleki ugurlar boýunça baý hyzmatdaşlyk tejribesini topladylar. Medeni-ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmegiň zerurlygy hem aýratyn nygtaldy.
Duşuşyklarda türkmen halkynyň Milli Lideriniň «Merkezi Aziýa – Ýaponiýa» formatynda parlament ýolbaşçylarynyň ilkinji duşuşygyny geçirmek baradaky başlangyjynyň ähmiýeti aýratyn bellenildi. Şeýle hem Türkmen-ýapon parlament dostluk toparynyň işini güýçlendirmek we iki ýurduň zenan deputatlarynyň hyzmatdaşlygyny üpjün etjek täze mehanizmi işe girizmek baradaky teklipler öňe sürüldi.
Şeýle hem okanyň


Türkmenistanyň Daşary işler ministri GDA-nyň Baş sekretary bilen duşuşyk geçirdi
10 Sen. 12:42Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 111-nji mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedew bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň metbugat gullugy habar berýär.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar 2026-njy ýylda Türkmenistanyň Arkalaşykdaky başlyklygynyň ileri tutulýan ugurlaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmek hem-de GDA-nyň çäklerinde amaly hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini maslahatlaşdylar.
Duşuşykda 2026-njy ýylyň 7-nji we 9-njy oktýabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň we Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlislerine taýýarlyk hem-de olaryň guramaçylyk meselelerine aýratyn üns berildi.
Söhbetdeşligiň ahyrynda taraplar köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin bilelikdäki amaly işleri dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.
Şeýle hem okanyň