Oýun sanawy


Türkmenistan Gastech 2025 halkara sergisinde energetika taslamalaryny hödürledi
17 Sen. 05:499–12-nji sentýabr aralygynda Milanda geçirilen halkara Gastech 2025 sergisi we maslahaty dünýäniň 150 ýurdunyndan 50 müňden gowrak energetika hünärmenini jemledi. Çärä dünýä belli kompaniýalaryň ýolbaşçylary — Shell, TotalEnergies, BP we ADNOC bilen birlikde energetika ministrleri gatnaşdylar.
Maslahatyň dowamynda energiýa howpsuzlygy, suwuklandyrylan tebigy gaz (LNG) üpjünçiligi, dekarbonizasiýa, arassa energiýa tehnologiýalary, wodorod energetikasy, uglerody tutmak we saklamak tehnologiýalary, şeýle hem gaz pudagynda emeli intellekti ulanmak ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ekspertleriň pikiriçe, tebigy gaz uzak möhletleýin möhüm çeşme bolup galýar we Aziýa bazary dünýä talaplarynyň esasy hereketlendirijisi bolar. Bu bolsa TAPI gaz geçirijisi ýaly taslamalaryň ähmiýetini artdyrýar.
"Türkmen Energiýa Forumy" wekilleri Ýewropa, Ýakyn Gündogar we Aziýa ýurtlarynyň hyzmatdaşlary bilen duşuşyklary geçirdiler. Şeýle hem, halkara kompaniýalara 2025-nji ýylyň 22–24-nji oktýabry aralygynda Aşgabatda geçiriljek «Türkmenistanyň Nebit we Gaz – OGT 2025» atly 30-njy halkara forumyna gatnaşmak üçin resmi çakylyklar gowşuryldy.
Guramaçylaryň berýän maglumatlaryna görä, eýýäm 40 ýurtdan 300-den gowrak wekiliň gatnaşjakdygy tassyklandy, ähli sergi meýdançalary eýelenipdir. Forumda önüm bölüniş şertnamalary, uglewodorod pudagyndaky innowasiýalar we daşary ýurt hyzmatdaşlarynyň energetika ulgamyndaky taslamalara gatnaşmak mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylar.
Şeýle hem okanyň


Türkmen alabaýynyň baýramynda iki hünärmene «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly at dakyldy
26 Okt. 07:21Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow milli baýramçylyk bolan Türkmen alabaýynyň güni mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly ady dakmak baradaky degişli Permana gol çekdi. TDH habarlar gullugynyň habar bermegine görä, bu resminama milli itşynaslyk mekdebiniň köpasyrlyk däplerini saklamakda hem-de türkmen alabaýlarynyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda uly hyzmatlary bitiren zähmetkeşleri sarpalamaga gönükdirilendir.
Döwlet Baştutanymyzyň Permanyna laýyklykda, alabaý itlerini ylmy esasda saklamakda, köpeltmekde we olaryň tohum arassalygyny goramakda köp ýyllaryň dowamynda çeken halal hem-de göreldeli zähmeti göz öňünde tutulyp, iki raýata bu ýokary döwlet ady gowşuryldy. Şunlukda, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň Merkezi gulluk itlerini köpeldiş we kämilleşdiriş ýeriniň uly tehnigi Begmyrat Halwatjanow hem-de Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby bölüminiň it idedijisi Parahat Bäşimow bu mukaddes ada mynasyp görüldiler.
Ata-babalarymyzdan miras galan türkmen alabaýlary halkymyzyň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Häzirki wagtda ýurtda alabaýlaryň baş sanyny artdyrmak, olary halkara derejede wagyz etmek we harby hem-da hukuk goraýjy edaralarda gulluk itleri hökmünde netijeli ulanmak boýunça giň göwrümli döwlet maksatnamalary üstünlikli amala aşyrylýar.
Şeýle hem okanyň