Oýun sanawy

Frankfurtda Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň Günleri açyldy

29 Okt. 06:54

Çeşme

Germaniýanyň maliýe merkezi bolan Frankfurtda halkara forum — «Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň Günleri» öz işine başlady. Çäre Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan TMT Consulting Group bilen hyzmatdaşlykda guraldy.

Forumyň maksady — Türkmenistanyň ykdysady mümkinçiliklerini görkezmek, Ýewropa ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak hem-de täze maýa goýum gatnaşyklaryny ýola goýmakdyr.

Strategik hyzmatdaşlyk we maýa goýumlar

Forumyň baş hyzmatdaşlary — Türkmenistanyň iri gurluşyk holdingi Ojar Aziýa hem-de oba hojalyk enjamlarynyň dünýäde öňdebaryjy öndürijisi bolan John Deere kompaniýasy boldy. Bu gatnaşygyň özi forumyň ýokary derejesini görkezýär we iri kompaniýalaryň Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga gyzyklanmasyny tassyklaýar.

Esasy ugurlar

Forumyň iş maksatnamasy dört möhüm pudagy öz içine alýar:

  • energetika we gurluşyk,

  • oba hojalygy we agrotehnologiýalar,

  • saglygy goraýyş we farmasewtika,

  • ulag we infrastruktura.

Tematik sessiýalarda we tegelek stollarda gatnaşyjylar hyzmatdaşlygyň geljegini, täze mümkinçilikleri we bilelikdäki taslamalary ara alyp maslahatlaşarlar. Şeýle hem innowasion tehnologiýalara maýa goýumlary we durnukly ösüş meseleleri gün tertibine giriziler.

Açyklyk we ösüş ýolunda

Frankfurtda geçirilýän «Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň Günleri» diňe bir tanyşdyryş we gepleşik meýdançasy bolman, eýsem, Türkmenistanyň daşary ýurt maýadarlaryna açykdygyny görkezýän möhüm çäre bolup durýar. Bu forum ýurtlaryň arasyndaky ynanyşmaga, özara peýdaly hyzmatdaşlyga we uzak möhletleýin ösüşe esaslanýan hyzmatdaşlygyň täze tapgyryny açýar.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Günorta afrikaly ýazyjy emeli aňyň kömegi bilen 370-den gowrak kitap neşir edip, 1 million dollar gazandy

24 Okt. 13:11

Çeşme

Koral Hart lakamy bilen tanalýan günorta afrikaly ýazyjy soňky 20 aýyň dowamynda emeli aň ulgamlarynyň kömegi bilen 371 sany kitaby ýazyp, neşir etmegi başardy. Yerli «EWN» radiosynyň habar bermegine görä, öň 14 ýyllap neşirýat ulgamynda zähmet çeken awtor 2025-nji ýylyň fewralynda emeli aň teknolojialaryny özleşdirip, gysga wagtyň içinde doly derejeli romanlary döretmäge mümkinçilik berýän hususy ulgamyny işläp düzdi. Ýazyjy her bir eseriň sýužetini, stiline hem-da каarakterlerini özi kesgitläp, emeli aňa meýilnama berýär, alnan garalama bolsa jemleýji tapgyrda awtor tarapyndan redaktirlenýär.

Täze romany döretmek üçin emeli aňa bary-ýogy 45 minut töweregi wagt gerek bolup, taýýar tekst iki gezek neýroulgamdan geçirildikden soň adam tarapyndan okalyp, neşire taýýarlanýar. Awtor öz kitaplarynyň 1 milliondan gowrak nusgasyny satmagy başardy we 2026-njy ýylda 1 million dollardan gowrak peýda gazandy. Ýazyjynyň emeli aň bilen bilelikde döreden söýgi romanlarynyň biri hatda «Amazon» platformasynyň iň geçginli 100 bestselleriniň hataryna girmegi başardy.

Häzirki wagtda Koral Hart öz eserlerini sanly, çap edilen we audio formatlarda okyjylara hödürleýär hem-da özüni täjirçilik edebiýatynda täze eýýamyň düýbüni tutujy hökmünde görkezýär. Şeýle hem ol emeli aňdan peýdalanmak ýoly bilen kitap ýazmak dyesinde beýleki awtorlar üçin «Authorythm» diýlip atlandyrylýan ýörite programma üpjünçiligini taýýarlaýar. Bu täsin tejribe edebiýat äleminde emeli aňyň amaly mümkinçilikleriniň täze sahypasyny açdy.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌