Oýun sanawy


Türkmenistanda Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty hakynda Konstitusion kanun kabul edildi
20 Sen. 10:28Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan “Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak syýasatynyň hukuk esaslary hakynda” atly Konstitusion kanuna gol çekildi. Bu resminama ýurduň daşary syýasatyndaky parahatçylyk döredijilik ýörelgelerini hem-de maksatlaryny kesgitleýär.
Kanunda 14 sany esasy prinsip beýan edilýär:
Bitaraplyk,
Deňhukuklylyk,
Adam hukuklaryna we azatlyklaryna hormat,
Daşary ýurtlaryň içerki işlerine gatyşmazlyk,
Zorlugy ulanmaga garşylyk,
Açyklyk we ynama esaslanýan hyzmatdaşlyk.
Kanunda aýratyn orun “Dialog — parahatçylygyň kepili” diýen filosofiýa degişli bolup, ol halkara gatnaşyklarda esasy ýörelge hökmünde görkezilýär.
Parahatçylyk we ynam syýasatynyň 15 maksadynyň arasynda:
Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk mümkinçiliklerinden peýdalanmak,
Açyk we ynama esaslanýan gatnaşyklary ösdürmek,
Sebitleýin we dünýä derejesinde howpsuzlygy berkitmek ýaly ugurlar bar.
Kanunda bellenilişi ýaly, Türkmenistan adamy jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy hökmünde kabul edip, halkara gatnaşyklar ulgamynda gumanizmi baş ýörelge hasaplaýar.
Syýasatyň hukuk binýady:
Türkmenistanyň Konstitusiýasy,
BMG-niň Baş Assambleýasynyň 1995, 2015 we 2025 ýyllardaky hemişelik bitaraplyk baradaky kararlary,
beýleki halkara hukuk resminamalary.
Şeýle hem okanyň


Türkmenistanyň ylmy wekiliýeti Baku şäherinde geçirilýän Altaý jemgyýetleriniň XIV Halkara simpoziumyna gatnaşýar
10 Sen. 10:48Türkmen wekiliýeti Birinji türkologiýa sýezdiniň 100 ýyllyk baýramyna bagyşlanyp Azerbaýjanda geçirilýän Altaý jemgyýetleriniň XIV Halkara simpoziumyna gatnaşýar. Bu abraýly bilim forumy 9-njy sentýabrda öz işine başlady diýip «AZERTAJ» agentligi habar berýär.
Bu çäre Azerbaýjanyň Milli ylymlar akademiýasy we Folklor instituty tarapyndan guramaçylykly geçirilib, oňa TİKA hem-de TÜRKSOÝ ýaly halkara guramalar goldaw berýär. Maslahata Türkmenistan bilen bir hatarda Türkiýeden, Gazagystandan, Ýaponiýadan, Germaniýadan we beýleki onlarça ýurtdan wekiller gatnaşýarlar.
Halkara çäräniň gidişinde Ýewraziýa sebitiniň taryhy we medeni ösüşinde möhüm orun eýeleýän Altaý halklarynyň siwilizasiýa mirasy, taryhy hem-de medeniýeti barada giňişleýin pikir alşylýar.
Dört güne niýetlenen bu simpoziumyň çäklerinde dünýäniň 15 ýurdundan gelen alymlaryň we hünärmenleriň 121 sany ylmy hasabaty diňleniler.
Şeýle hem okanyň