Oýun sanawy

Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli talyplaryň arasynda intellektual bäsleşik guralar

10 Ýan. 08:53

Çeşme

Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň professional baýramy mynasybetli ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda intellektual breýn-ring görnüşindäki bäsleşik geçiriler. Çäre 16-njy fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda guralar.

Bäsleşik 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» atly milli şygarynyň çäginde geçirilip, oňa Türkmenistanyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň talyplary gatnaşarlar. Hususan-da, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty hem-de Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary instituty bu ýaryşa öz toparlaryny hödürlär.

Her bir ýokary okuw mekdebi Türkmenistanyň adyndan alty talypdan ybarat bolan topar bilen çykyş eder. Bäsleşigiň dowamynda talyplaryň bilim derejesi, pikirleniş tizligi we toparlaýyn iş başarnyklary synagdan geçiriler.

Eminler toparlaryň çykyşlaryny seljerip, iň tapawutlanan toparlary kesgitlärler. Ýeňijiler sylaglar bilen hormatlanyp, şeýle hem Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli 18-nji fewralda geçiriljek halkara maslahatyna we baýramçylyk konsertine gatnaşmaga mümkinçilik alarlar.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

«Microsoft» kompaniýasy 60 müňe golaý işgärine öwez tölegi bilen meýletin işden çykmagy teklip etdi

Bugün 09:12

Çeşme

«Microsoft» korporasiýasy ABŞ-da, Kanadada, Beýik Britaniýada we Hindistanda zähmet çekýän 60 müň töweregi zähmetkeşine degişli öwez töleglerini tölemek şerti bilen işden meýletin gitmek maksatnamasyny hödürledi. «Business Insider» neşiriniň habar bermegine görä, bu teklip kompaniýanyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna we inženerçilik hünärmenlerine degişli bolman, meýletin gitmek isleýän beýleki işgärler dekabr aýynyň başyna çenli öz gutarnykly kararlaryny bildirmelidirler.

Bu başlangyç «Microsoft» kompaniýasynyň işgär sanyny kadalaşdyrmak hem-da meýilleşdirilmedik mejbury işden боşatmalaryň öňüni almak boýunça amala aşyrýan nobatdaky çäresidir. Häzirki wagtda emeli aň infrastrukturasyna we innowasion taslamalara uly möçberde maýa goýumlaryny ýöneltýän tehnologiýa ägirdi şol bir wagtyň özünde içki çykdajylary optimizirlemegi maksat edinýär. 2026-njy ýylyň iýun aýyndaky maglumatlara görä, kompaniýada 226 müň adam zähmet çekýärdi, diýmek, täze meýletin maksatnama işgärleriň dörtden bir bölegine golaýyny öz içine alýar.

Bellenilmeli z zat, 2026-njy ýylyň aprelinde hem «Microsoft» ABŞ-daky gullukçylaryna meýletin işden gitmek maksatnamasyny hödürläpdi. Şonda ýaşy bilen kompaniýadaky zähmet stajynyň jemi 70-den geçýän, takmynan, 9 müň işgär bu şertlere laýyk gelip, olaryň üçden bir bölegi berilen teklibi kabul edipdi.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌