Oýun sanawy


Aşgabatda ITEC güni mynasybetli Hindistanyň bilim mümkinçilikleri tanyşdyryldy
24 Mart. 11:092026-njy ýylyň 24-nji martynda Türkmenistanyň paýtagtyndaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda ITEC gününi bellemek maksady bilen dabaraly maslahat geçirildi. Hindistanyň ilçihanasy tarapyndan guralan bu çäre, iki ýurduň arasyndaky ylmy we tehniki hyzmatdaşlygyň netijelerini jemlemäge gönükdirildi. Duşuşyga ITEC maksatnamasynyň we ICCR talyp haklarynyň uçurymlary, şeýle hem diplomatik wekilhanalaryň we hünärmenler bileleşiginiň wekilleri gatnaşdylar.
Hindistanyň Türkmenistandaky ilçisi Bandaru Wilsonbabu dabara gatnaşyjylaryň öňünde çykyş edip, Hindistanyň tehniki we ykdysady hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň (ITEC) taryhy ähmiýetine ünsi çekdi. 1964-nji ýylda esaslandyrylan bu maksatnama häzirki wagtda dünýäniň 160-dan gowrak ýurdundan 225 müňden gowrak döwlet gullukçysynyň hünär derejesini ýokarlandyrmaga ýardam berdi. Ilçi öz sözünde Türkmenistanyň bu hyzmatdaşlykda möhüm orun eýeleýändigini, şu wagta çenli 500-den gowrak türkmen hünärmeniniň we 100-e golaý harby gullukçynyň Hindistanda bilim alandygyny nygtady.
Bilim ulgamyndaky gatnaşyklaryň gerimi ýyl-ýyldan giňeýär we täze talyplary özüne çekýär. Häzirki wagta çenli 200-den gowrak türkmen talyby Hindistanyň medeni gatnaşyklar boýunça geňeşiniň (ICCR) ýörite talyp haklaryndan peýdalandy. Mundan başga-da, her ýyl 100-e golaý türkmen ýaşlary hindi ýokary okuw mekdeplerine şertnamalaýyn esasda okuwa girýärler. Ilçi Wilsonbabu türkmen talyplaryny Hindistanyň hödürleýän ýokary hilli we elýeterli bilim mümkinçiliklerinden has giňden peýdalanmaga çagyrdy.
Çäräniň dowamynda maksatnamalaryň uçurymlary öz tejribeleri we Hindistanda alan bilimleriniň hünär ösüşindäki ähmiýeti barada gürrüň berdiler. Dabaraly agşam diňe bir resmi çykyşlar bilen çäklenmän, eýsem hindi medeniýetiniň sazlary, tanslary we ýoga boýunça görkezme çykyşlary bilen utgaşdyryldy. Bu bolsa gatnaşyjylara Hindistanyň baý medeni mirasyny has ýakyndan tanamaga şert döretdi.
Şeýle hem okanyň


Magtymguly adyndaky TDU-da görnükli ýazyjy Nurmyrat Saryhanowyň 120 ýyllyk ýubileýine bagyşlanan döredijilik duşuşygy geçirildi
Bugün 07:13Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde görnükli türkmen ýazyjysy Nurmyrat Saryhanowyň doglan gününiň 120 ýyllygy mynasybetli «Ýagşyny ýatlap...» atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Uniwersitetiň resmi internet saýtynda habar berlişi ýaly, çäre ýazyjynyň baý edebi mirasyny wagyz etmäge hem-da «Şükür bagşy» filmininde baş keşbi janlandyran tehniki ylymlaryň doktory, professor, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi Amandurdy Handurdyýewiň ýagty ýadygärligini hatyralamaga bagyşlandy. Duşuşyga Ylymlar akademiýasynyň alymlary, ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.
Döredijilik çäresiniň dowamynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy işgärleri we alymlary Nurmyrat Saryhanowyň döredijilik ussatlygy hem-da eserleriniň golýazma mirasy barada çykyş etdiler. Şeýle hem köp ýyllaryň dowamynda TDU-da mugallymçylyk eden professor Amandurdy Handurdyýewiň milli kino sungatyna we ylym älemine goşan uly goşandy aýratyn nygtaldy.
Sazlaşykly geçen duşuşykda türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň talyplary «Şükür bagşy» powesti esasynda edebi-sazly kompozisiýany ham-da «Gün hakynda ballada» atly çeper okaýşy köpçülige hödürlediler. Uniwersitetiň «Bagtyýarlyk owazlary» medeni merkeziniň dutarçylary tarapyndan meşhur filmden mukamlar ýerine ýetirilip, çäre gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.