Oýun sanawy

Astronomlar gaty çalt ösýän äpet gara deşigi kesgitlediler

23 Sen. 07:54

Çeşme

Alimleriň maglumatyna görä, RACS J0320-35 diýlip atlandyrylýan gara deşik Günüň massasynyň takmynan bir milliard esse köpdür. Ol Ýerden 12,8 million ýagtylyk ýyly uzaklykda ýerleşýär we örän ýokary ösüş tizligi bilen tapawutlanýar.

«Çandra» rentgen teleskopynyň gözegçilikleri gara deşigiň maddany teoriýa boýunça mümkin bolan çäklere garanyňda 2,4 esse çalt siňdirýändigini görkezýär. Munuň sebäbi – onuň töwereginde ýygnanan uly möçberdäki gaz, tozan we ýyldyz galyndylary.

Hasaplamalara görä, bu gara deşik her ýyl 300-den 3000-e çenli Günüň massasyna deň möçberde agram alýar. Ol, Älemiň dörän ilkinji bir milliard ýylynyň dowamynda gözegçilik edilen gara deşikleriň arasynda iň güýçli rentgen şöhlelenmesini berýär.

Alimleriň bellemegine görä, biz bu objekti Älemiň döräninden bary-ýogy 920 million ýyl soňky ýagdaýynda görýäris. Onuň nähili ýagdaýda beýle ägirt uly möçberlere ýetendigi entek düşnüksiz bolsa-da, alymlar bu gara deşigiň äpet gaz buludynyň gös-göni çökgünligi netijesinde emele gelip biljekdigini çaklaýarlar.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Magtymguly adyndaky TDU-da görnükli ýazyjy Nurmyrat Saryhanowyň 120 ýyllyk ýubileýine bagyşlanan döredijilik duşuşygy geçirildi

Bugün 07:13

Çeşme

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde görnükli türkmen ýazyjysy Nurmyrat Saryhanowyň doglan gününiň 120 ýyllygy mynasybetli «Ýagşyny ýatlap...» atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Uniwersitetiň resmi internet saýtynda habar berlişi ýaly, çäre ýazyjynyň baý edebi mirasyny wagyz etmäge hem-da «Şükür bagşy» filmininde baş keşbi janlandyran tehniki ylymlaryň doktory, professor, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi Amandurdy Handurdyýewiň ýagty ýadygärligini hatyralamaga bagyşlandy. Duşuşyga Ylymlar akademiýasynyň alymlary, ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.

Döredijilik çäresiniň dowamynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy işgärleri we alymlary Nurmyrat Saryhanowyň döredijilik ussatlygy hem-da eserleriniň golýazma mirasy barada çykyş etdiler. Şeýle hem köp ýyllaryň dowamynda TDU-da mugallymçylyk eden professor Amandurdy Handurdyýewiň milli kino sungatyna we ylym älemine goşan uly goşandy aýratyn nygtaldy.

Sazlaşykly geçen duşuşykda türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň talyplary «Şükür bagşy» powesti esasynda edebi-sazly kompozisiýany ham-da «Gün hakynda ballada» atly çeper okaýşy köpçülige hödürlediler. Uniwersitetiň «Bagtyýarlyk owazlary» medeni merkeziniň dutarçylary tarapyndan meşhur filmden mukamlar ýerine ýetirilip, çäre gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌