Oýun sanawy

Şweýsariýanyň neşiri: Türkmenistanyň ykdysady ösüşiniň sütünleriniň biri — Bitaraplyk

27 Sen. 07:03

Çeşme

Şweýsariýanyň “Umwelt Zeitung” žurnalynda “Türkmenistan: Garaşsyz, Bitarap we Bagtyýar” atly makala çap edildi. Onda ýurduň bitaraplyk ýörelgesiniň diňe daşary syýasatyň bir ugry bolman, eýsem ykdysady ösüşiň esasy binýady bolup durýandygy nygtalýar.

Makalanyň awtory — Şweýsariýa bilen Merkezi Aziýanyň, Kawkazyň arasyndaky bilelikdäki Söwda Palatasynyň wise-prezidenti Ýurie Moaru, Türkmenistanyň bitaraplygynyň halkara ynam döretmekde we durnukly ösüşe ýol açmakda möhüm orun eýeleýändigini belleýär.

Onuň pikiriçe, syýasy bloklara goşulmazlyk we çylşyrymly geosyýasy ýagdaýlardan daşda durmak bilen Türkmenistan içerki ösüşe gönükdi. Netijede ýurt parahatçylykly, durnukly we ynamdar hyzmatdaş hökmünde dünýäde tanalýar.

Neşir halkara guramalaryň optimistik çaklamalaryny hem getirýär: “Fitch Ratings” agentligi Türkmenistanyň kredit reýtingini BB- derejesinde saklady, Halkara Pul Gaznasy bolsa 2024-nji ýylda 6,2% ykdysady ösüş garaşýar. Bu bolsa sebit boýunça ortaça görkeziji bilen deňeşdirilende ep-esli ýokary.

Energetika bitaraplygyň peýdasynyň aýdyň ýüze çykýan ugry hökmünde görkezilýär. Tebigy gaz gorlary boýunça dünýäde öňdebaryjy ýurtlaryň biri bolan Türkmenistan öz eksport ugruny köpugurly etmekde bitarap daşary syýasatyny netijeli peýdalandy. Esasanam Hytaý bilen hyzmatdaşlyk ýurduň ykdysady esaslaryny has-da berkitdi.

Ýurduň ulag we logistika pudagynda hem bitaraplyk möhüm orun eýeleýär. Türkmenistan Gündogar-Günbatar hem-de Demirgazyk-Günorta halkara ulag geçelgelerini ösdürýär. Türkmenbaşy şäherindäki Hazaryň kenaryndaky deňiz portunyň döwrebaplaşdyrylmagy munuň aýdyň mysalydyr.

Bitaraplyk, şeýle hem, goňşy ýurtlar bilen deňhukukly hyzmatdaşlygyň esasydyr. Özbegistan bilen suw we energetika ulgamynda, Gazagystan bilen bolsa demir ýol taslamasynda üstünlikli hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Bu taslama Merkezi Aziýany Pars aýlagy bilen birleşdirýär.

2023-nji ýylda bolsa Türkmenistanyň teklibi bilen BMG tarapyndan Bütindünýä durnukly ulag güni yglan edilmegi ýurduň halkara derejede hem tanalýandygyny görkezýär.

















Aýlag ýurtlarynyň alty çäginde ýeke-täk syýahatçylyk wizasy girizilýär

09 Sen. 08:44

Çeşme

Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşine (GCC) girýän alty ýurt — Bahreýn, Kuweýt, Oman, Saud Arabystany, BAE we Katar daşary ýurtly syýahatçylar üçin birmeňzeş «GCC Grand Tourist Visa» ulgamyny çykarmaga taýýarlanýarlar. «Khaleej Times» neşiriniň habar berşi ýaly, täze wiza resminamasy syýahatçylara sebitiň ähli döwletlerine aýratyn wiza almazdan päsgelsiz girmäge mümkinçilik döreder.

Synag tapgyrynyň 2026-njy ýylyň soňky çärýeginde başlamagyna garaşylýan bu elektron wizanyň möhleti 30 günden 90 güne çenli bolup, bahasynyň 100–150 dollar aralygynda boljakdygy bellenilýär. Köpçülikleýin habar serişdelerinde «Arap Şengeni» diýlip hem atlandyrylýan bu taslama Aýlag sebitinde syýahatçylygy ösdürmekde hem-de döwletara hyzmatdaşlygy berkitmekde uly ädim bolar.