Oýun sanawy


Dagystanda rekord derejeli çabga: Adatdan daşary ýagdaý yglan edildi
30 Mart. 06:19Dagystan Respublikasynyň birnäçe sebitlerinde soňky onýyllyklaryň rekord derejesinden hem geçýän güýçli çabga ýagyşlary hasaba alyndy. Sebitiň ýolbaşçysy Sergeý Melikowyň habar bermegine görä, käbir etraplarda ýere düşýän ygalyň mukdary 50 millimetrden geçdi. Ýagdaýyň diňe bir ýagyş bilen çäklenmän, eýsem daglyk ýerlerde güýçli syrgynlar, gar ýagmagy we garyň süýşmegi (lawina) bilen utgaşmagy halas ediş işlerini has-da kynlaşdyrdy.
Tebigy betbagtçylygyň netijeleri örän agyr boldy: geçen şenbe gününden bäri 460-dan gowrak ýaşaýyş jaýyny suw gark etdi we ýüzlerçe awtoulaga uly zeper ýetdi. Mahaçkala we Derbent şäherlerinden 100-den gowrak adam howpsuz ýerlere göçürildi. Aýratyn hem respublikanyň paýtagty Mahaçkalada ýagdaý has dartgynly bolup, şäherde adatdan daşary ýagdaý düzgüni girizildi. Elektrik ulgamlaryna ýeten zeperler sebäpli 320 müňden gowrak ýaşaýjy yşyksyz galdy.
Suw joşgunlary diňe bir jaýlara däl, eýsem sebitiň infrastrukturasyna hem uly zyýan ýetirdi. Derýalaryň hanasyndan agmagy netijesinde köprüler we awtomobil ýollary haraplandy. Hasawýurt şäherinde strategik ähmiýetli demir ýol köprüsiniň ýykylmagy ulag gatnawlarynda uly bökdençlikleri döretdi. Häzirki wagtda halas ediş we dikeldiş gulluklary güýçlendirilen düzgünde işlerini dowam etdirýärler.
Dörän çylşyrymly ýagdaý sebäpli, bütin respublikanyň çägynde 2026-njy ýylyň 30-njy martyna çenli ýokary derejeli taýýarlyk düzgüni yglan edildi. Hukuk goraýjy edaralar we adatdan daşary ýagdaýlar ministrliginiň işgärleri ilata kömek bermek we ýollary suwdan arassalamak boýunça gije-gündizleýin iş alyp barýarlar. Meteorologlar ýakyn günlerde hem durnuksyz howa şertleriniň saklanyp biljekdigini duýdurýarlar.
Şeýle hem okanyň


Günorta afrikaly ýazyjy emeli aňyň kömegi bilen 370-den gowrak kitap neşir edip, 1 million dollar gazandy
24 Okt. 13:11Koral Hart lakamy bilen tanalýan günorta afrikaly ýazyjy soňky 20 aýyň dowamynda emeli aň ulgamlarynyň kömegi bilen 371 sany kitaby ýazyp, neşir etmegi başardy. Yerli «EWN» radiosynyň habar bermegine görä, öň 14 ýyllap neşirýat ulgamynda zähmet çeken awtor 2025-nji ýylyň fewralynda emeli aň teknolojialaryny özleşdirip, gysga wagtyň içinde doly derejeli romanlary döretmäge mümkinçilik berýän hususy ulgamyny işläp düzdi. Ýazyjy her bir eseriň sýužetini, stiline hem-da каarakterlerini özi kesgitläp, emeli aňa meýilnama berýär, alnan garalama bolsa jemleýji tapgyrda awtor tarapyndan redaktirlenýär.
Täze romany döretmek üçin emeli aňa bary-ýogy 45 minut töweregi wagt gerek bolup, taýýar tekst iki gezek neýroulgamdan geçirildikden soň adam tarapyndan okalyp, neşire taýýarlanýar. Awtor öz kitaplarynyň 1 milliondan gowrak nusgasyny satmagy başardy we 2026-njy ýylda 1 million dollardan gowrak peýda gazandy. Ýazyjynyň emeli aň bilen bilelikde döreden söýgi romanlarynyň biri hatda «Amazon» platformasynyň iň geçginli 100 bestselleriniň hataryna girmegi başardy.
Häzirki wagtda Koral Hart öz eserlerini sanly, çap edilen we audio formatlarda okyjylara hödürleýär hem-da özüni täjirçilik edebiýatynda täze eýýamyň düýbüni tutujy hökmünde görkezýär. Şeýle hem ol emeli aňdan peýdalanmak ýoly bilen kitap ýazmak dyesinde beýleki awtorlar üçin «Authorythm» diýlip atlandyrylýan ýörite programma üpjünçiligini taýýarlaýar. Bu täsin tejribe edebiýat äleminde emeli aňyň amaly mümkinçilikleriniň täze sahypasyny açdy.