Oýun sanawy


Saud Arabystany Dünýä çempionaty — 2026-nyň duşuşyklaryna mugt petek paýlamak çäresine başlady
08 Iýun. 08:13Saud Arabystanynyň Futbol federasiýasy (SAFF) öz milli ýygyndysynyň gatnaşmagyndaky Dünýä çempionaty — 2026-nyň oýunlaryna janköýerler üçin mugt giriş peteklerini paýlamak boýunça ýörite akssiýany ýola goýdy. Bu baradaky resmi habar Saud Arabystanynyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky ilçihanasynyň maglumat ulgamlarynda çap edildi.
Bu ykdysady we guramaçylyk ädimi, Halkara futbol federasiýasynyň (FIFA) transkontinental turnire geljek daşary ýurtly janköýerleriň sanynyň garaşylýandan az bolaýmak ähtimallygy we stadionyň doldurylmagy baradaky wehimlerine jogap hökmünde kabul edildi. Hökümet maksatnamasyna görä, mugt petekler ilkinji nobatda häzirki wagtda ABŞ-nyň çäginde okaýan, ylmy işler bilen meşgullanýan ýa-da wagtlaýyn ýaşaýan Saud Arabystanynyň raýatlaryna hödürlenilýär. Federasiýanyň habarnamasynda: «Dünýä çempionatynyň başlanmagyna sanlyja günler galdy. Sizden diňe stadiona gelip goldamak, bizden bolsa petekleri üpjün etmek» diýlip bellenilýär.
Mundialyň toparlaýyn tapgyrynda Saud Arabystanynyň milli ýygyndysy «H» toparynda ýaryşar we indiki tapgyra çykmak ugrunda Urugwaýyň, Ispaniýanyň hem-de Kabo-Werdeniň güýçli toparlaryna garşy meýdança çykar.
Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionaty 11-nji iýun — 19-njy iýul aralygynda durnukly dowam eder. Duşuşyklar taryhda ilkinji gezek bir wagtyň özünde üç sany guramaçy ýurtda — ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçiriler. Ýaryşyň oýunlaryna goýlan resmi petekleriň nyrhy saýlanyp alynýan ýere we oýnuň derejesine baglylykda 100 dollardan 6370 dollara çenli üýtgeýär. Şeýle-de, öňümizdäki çempionat dünýä futbolynyň taryhynda 48 sany milli ýygyndynyň gatnaşmagynda guraljak ilkinji giňeldilen global ýaryş bolar.
Şeýle hem okanyň


92 ýaşynda ilkinji gezek agtykly bolan amerikan raýaty Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi
24 Okt. 09:04Massaçusets ştatynyň Gardner şäherinde doglan 96 ýaşly amerikaly Normand Tusinýan 92 ýaşap, 24 gün geçenden soň ilkinji gezek baba bolup, Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Onuň bu seýrek rekordy resmi taýdan awgust aýynda, ýagny ýaşulynyň 96 ýaşyny belledigi döwürde ykrar edildi. Normandyň ýeke-täk agtygy Medison 2022-nji ýylyň 22-nji sentýabrynda dünýä indi. Gyzy Kerriniň aýtmagyna görä, agtygynyň dünýä inmegi kakasyna hakyky manysynda täzeden ýaşaýyş we egsilmez ruhi kuwwat berdi. Mundan öňki rekord 91 ýaş we 209 günlük wagtynda ilkinji gezek ata/baba bolan awstraliýaly Çarlz Smite degişlidi.
Normand 17 çagaly katolik maşgalasynda ulalyp, zähmet ýolunyň köp bölegini kliniki psiholog hökmünde geçirdi. Ol 1985-nji ýylyň Söýgüliler gününde «The Washington Post» gazetiniň redaktory Meri Luiza bilen adagly bolup, bäş ýyldan soň olaryň Kerri atly gyzy dünýä indi. Şol wagt Normand tas 60 ýaşyndady. Pensiýa çykandan soň gyzynyň terbiýesi bilen esasan özi meşgullanan Normand elmydama yaş görünýändigi we ruhy taýdan juwandyggy bilen tapawutlanypdyr.
Häzirki wagtda Normand we Meri Luiza Demirgazyk Karolina ştatynyň Şarlott şäherinde ýaşaýarlar. Olar maşgala agzalaryna we ýakyn garyndaşlaryna has golaý bolmak maksady bilen Wirjiniýadan bu ýere göçüp geldiler. Ginnesiň rekordlar kitabyna giren 96 ýaşly baba öz wagtyny kitap okamak, tapmaçalar çözmek hem-da söýgüli agtygy we maşgalasy bilen bile geçirmekden uly lezzet alýar.