Oýun sanawy

Şerwud tokaýyndaky taryhy maýor dub agajy gurady

19 Iýun. 07:45

Çeşme

Beýik Britaniýanyň iň esasy tebigy hem-de taryhy simwollarynyň biri bolan gadymy dub agajynyň doly gurandygy anyklandy. Halkara habar beriş serişdeleriniň hünärmenleriň maglumatlaryna salgylanyp habar bermegine görä, meşhur Şerwud tokaýynda ýerleşýän bu ägirt uly daragtda şu möwsümde täze ýapraklar we pürler peýda bolmady. Bu ýagdaý ekologlar tarapyndan ösümligiň biologik ömrüniň tamamlanandygynyň alamaty hökmünde bellenildi.

Ekologiýa hünärmenleri 1200 ýyl töwerekleri ýaşany çaklanylýan bu taryhy bagyň guramagyna soňky ýyllarda sebitde ýüze çykkan adatdan daşary yssy we gurak howa şertleriniň täsir edendigini düşündirýärler. Tomus paslynyň aşa gurak gelmegi netijesinde, daragtyň kök ulgamynyň töweregindäki toprak gatlamasy gatyşyp, zerur bolan çyglylygyň we iýmit baradaky maddalaryň geçmegini bütinleý bökdepdir.

«Maýor» diýen at bilen tanalýan bu ägirt dub agajy Birleşen Patyşalygyň çäklerindäki iň uly ösümlik dünýäsiniň nusgalarynyň biri hasaplanýardy. Onuň sütüniniň (düýbüniň) aýlawynyň göwrümi 11 metre, saýasynyň ýaýlyp oturan giňligi bolsa 28 metre çenli ýetýärdi. Şeýle ägirt taryhy gymmatlygyň guraýandygy baradaky habar ýurduň medeni we tebigy mirasyny goraýjylary biazar etdi.

Iňlis halkynyň şanly taryhy rowaýatlaryna we şorta sözlerine görä, bu dub agajy belli halk gahrymany Robin Guduň we onuň adamlarynyň gizlenen hem-de dildüwüşşik guran esasy merkezi bolup hyzmat edipdir. Agaç köp ýyllaryň dowamida dünýäniň dürli künjeklerinden gelýän syýahatçylaryň iň köp gelýän ýerleriniň biri bolup, Britaniýanyň medeniýetinde aýratyn orun eýeleýärdi.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Günorta afrikaly ýazyjy emeli aňyň kömegi bilen 370-den gowrak kitap neşir edip, 1 million dollar gazandy

24 Okt. 13:11

Çeşme

Koral Hart lakamy bilen tanalýan günorta afrikaly ýazyjy soňky 20 aýyň dowamynda emeli aň ulgamlarynyň kömegi bilen 371 sany kitaby ýazyp, neşir etmegi başardy. Yerli «EWN» radiosynyň habar bermegine görä, öň 14 ýyllap neşirýat ulgamynda zähmet çeken awtor 2025-nji ýylyň fewralynda emeli aň teknolojialaryny özleşdirip, gysga wagtyň içinde doly derejeli romanlary döretmäge mümkinçilik berýän hususy ulgamyny işläp düzdi. Ýazyjy her bir eseriň sýužetini, stiline hem-da каarakterlerini özi kesgitläp, emeli aňa meýilnama berýär, alnan garalama bolsa jemleýji tapgyrda awtor tarapyndan redaktirlenýär.

Täze romany döretmek üçin emeli aňa bary-ýogy 45 minut töweregi wagt gerek bolup, taýýar tekst iki gezek neýroulgamdan geçirildikden soň adam tarapyndan okalyp, neşire taýýarlanýar. Awtor öz kitaplarynyň 1 milliondan gowrak nusgasyny satmagy başardy we 2026-njy ýylda 1 million dollardan gowrak peýda gazandy. Ýazyjynyň emeli aň bilen bilelikde döreden söýgi romanlarynyň biri hatda «Amazon» platformasynyň iň geçginli 100 bestselleriniň hataryna girmegi başardy.

Häzirki wagtda Koral Hart öz eserlerini sanly, çap edilen we audio formatlarda okyjylara hödürleýär hem-da özüni täjirçilik edebiýatynda täze eýýamyň düýbüni tutujy hökmünde görkezýär. Şeýle hem ol emeli aňdan peýdalanmak ýoly bilen kitap ýazmak dyesinde beýleki awtorlar üçin «Authorythm» diýlip atlandyrylýan ýörite programma üpjünçiligini taýýarlaýar. Bu täsin tejribe edebiýat äleminde emeli aňyň amaly mümkinçilikleriniň täze sahypasyny açdy.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌