Oýun sanawy

Wladimir Putin Gazagystana döwlet saparyny amala aşyrar

26 Maý. 18:40

Çeşme

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin 27–29-njy maý aralygynda Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň çakylygy boýunça bu ýurtda resmi döwlet saparynda bolar. Bu barada «Gazeta.ru» habarlar agentligi maglumat berýär. Şeýle ýokary derejeli sapar iki goňşy döwletiň arasyndaky syýasy, ykdysady we medeni gatnaşyklary täze sepgitlere götermäge gönükdirilendir.

Gepleşikleriň dowamynda iki ýurduň döwlet baştutanlary Gazagystan bilen Russiýanyň arasyndaky ählitaraplaýyn strategik hyzmatdaşlygyň we hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny hem-de ony geljekde ösdürmegiň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşarlar. Taraplar sebitara howpsuzlyk, söwda-ykdysady gatnaşyklar we maýa goýum taslamalary boýunça pikir alyşarlar.

Mundan başga-da, saparyň çäklerinde 28-nji maýda Gazagystanda Ýewraziýa Ykdysady Bileleşigine (ÝÝYBi) agza bolan döwletleriň Baştutanlarynyň gatnaşmagynda guramanyň wekilçilikli forumy geçiriler. Russiýanyň Prezidenti bu halkara foruma, şeýle hem saparynyň soňky güni, ýagny 29-njy maýda guraljak Ýewraziýa ykdysady forumynyň Ýokary geňeşiniň mejlisine gatnaşar.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

«Microsoft» kompaniýasy 60 müňe golaý işgärine öwez tölegi bilen meýletin işden çykmagy teklip etdi

Bugün 09:12

Çeşme

«Microsoft» korporasiýasy ABŞ-da, Kanadada, Beýik Britaniýada we Hindistanda zähmet çekýän 60 müň töweregi zähmetkeşine degişli öwez töleglerini tölemek şerti bilen işden meýletin gitmek maksatnamasyny hödürledi. «Business Insider» neşiriniň habar bermegine görä, bu teklip kompaniýanyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna we inženerçilik hünärmenlerine degişli bolman, meýletin gitmek isleýän beýleki işgärler dekabr aýynyň başyna çenli öz gutarnykly kararlaryny bildirmelidirler.

Bu başlangyç «Microsoft» kompaniýasynyň işgär sanyny kadalaşdyrmak hem-da meýilleşdirilmedik mejbury işden боşatmalaryň öňüni almak boýunça amala aşyrýan nobatdaky çäresidir. Häzirki wagtda emeli aň infrastrukturasyna we innowasion taslamalara uly möçberde maýa goýumlaryny ýöneltýän tehnologiýa ägirdi şol bir wagtyň özünde içki çykdajylary optimizirlemegi maksat edinýär. 2026-njy ýylyň iýun aýyndaky maglumatlara görä, kompaniýada 226 müň adam zähmet çekýärdi, diýmek, täze meýletin maksatnama işgärleriň dörtden bir bölegine golaýyny öz içine alýar.

Bellenilmeli z zat, 2026-njy ýylyň aprelinde hem «Microsoft» ABŞ-daky gullukçylaryna meýletin işden gitmek maksatnamasyny hödürläpdi. Şonda ýaşy bilen kompaniýadaky zähmet stajynyň jemi 70-den geçýän, takmynan, 9 müň işgär bu şertlere laýyk gelip, olaryň üçden bir bölegi berilen teklibi kabul edipdi.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌