Oýun sanawy


Türkiýede ýaşamak üçin rugsatnamanyň täze nyrhlary we türkmen raýatlary üçin ýeňillikler
30 Aprel. 12:552026-njy ýylyň 1-nji maýyndan başlap, Türkiýe Respublikasynyň Migrasiýa dolandyryşy baradaky baş müdürligi tarapyndan ýaşamak üçin rugsatnama (ikamet) almagyň döwlet paçlaryna düýpli üýtgeşmeler girizildi. Täze düzgünlere laýyklykda, daşary ýurt raýatlarynyň köpüsi üçin resminamalaryň bahasy birnäçe esse ýokarlandy. Käbir ugurlar boýunça nyrhlar öňki görkezijilerinden 930 göterime çenli artdyryldy, bu bolsa ýurtda bolmagyň maliýe şertleriniň özgerendigini aňladýar.
Häzirki wagtda syýahatçylyk maksatly bir ýyllyk ýaşamak rugsatnamasyny resmileşdirmek üçin töleg 28 467 lira (takmynan 630 dollar) hökmünde bellenildi. Iki ýyllyk rugsatnama üçin bolsa 56 935 lira tölemek talap ediler. Bu üýtgeşmelere çenli daşary ýurtlylar ortaça 85 dollar möçberinde paç töleýärdiler. Täze nyrhnamalar dünýäniň onlarça döwletiniň, şol sanda ABŞ-nyň, Ýewropa Bileleşiginiň agzalarynyň we goňşy sebitleriň raýatlaryna göni täsir eder.
Şol bir wagtyň özünde, Türkiýe käbir ýurtlar bilen ozal gazanylan özara ylalaşyklary güýjünde saklaýar. Türkmenistanyň raýatlary 2011-nji ýyldan bäri hereket edýän ylalaşyga laýyklykda, ýaşamak üçin rugsatnama üçin alynýan esasy döwlet pajyndan boşadylmagyny dowam edýärler. Türkmenistanlylar diňe ähli daşary ýurtlylar üçin hökmany bolan karta tölegini (964 lira) tölemeli bolar. Bu ýeňillik şeýle hem Daniýanyň, Irlandiýanyň we Çehiýanyň raýatlaryna hem degişlidir.
Mundan başga-da, okuw maksatly ýaşaýan talyplar we hemişelik ýaşamak hukugyna eýe bolmak isleýänler üçin hem ýörite ýeňillikler göz öňünde tutulypdyr. Emma maşgala şertleri, gozgalmaýan emläk edinmek ýa-da maýa goýum maksatnamalary arkaly rugsatnama alýan beýleki ähli toparlar täze, ýokary nyrhlardan peýdalanmaly bolarlar. Täze nyrhlar baradaky jikme-jik maglumatlar Türkiýäniň migrasiýa gullugynyň resmi web-sahypasynda elýeterlidir.
Şeýle hem okanyň


«Microsoft» kompaniýasy 60 müňe golaý işgärine öwez tölegi bilen meýletin işden çykmagy teklip etdi
Bugün 09:12«Microsoft» korporasiýasy ABŞ-da, Kanadada, Beýik Britaniýada we Hindistanda zähmet çekýän 60 müň töweregi zähmetkeşine degişli öwez töleglerini tölemek şerti bilen işden meýletin gitmek maksatnamasyny hödürledi. «Business Insider» neşiriniň habar bermegine görä, bu teklip kompaniýanyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna we inženerçilik hünärmenlerine degişli bolman, meýletin gitmek isleýän beýleki işgärler dekabr aýynyň başyna çenli öz gutarnykly kararlaryny bildirmelidirler.
Bu başlangyç «Microsoft» kompaniýasynyň işgär sanyny kadalaşdyrmak hem-da meýilleşdirilmedik mejbury işden боşatmalaryň öňüni almak boýunça amala aşyrýan nobatdaky çäresidir. Häzirki wagtda emeli aň infrastrukturasyna we innowasion taslamalara uly möçberde maýa goýumlaryny ýöneltýän tehnologiýa ägirdi şol bir wagtyň özünde içki çykdajylary optimizirlemegi maksat edinýär. 2026-njy ýylyň iýun aýyndaky maglumatlara görä, kompaniýada 226 müň adam zähmet çekýärdi, diýmek, täze meýletin maksatnama işgärleriň dörtden bir bölegine golaýyny öz içine alýar.
Bellenilmeli z zat, 2026-njy ýylyň aprelinde hem «Microsoft» ABŞ-daky gullukçylaryna meýletin işden gitmek maksatnamasyny hödürläpdi. Şonda ýaşy bilen kompaniýadaky zähmet stajynyň jemi 70-den geçýän, takmynan, 9 müň işgär bu şertlere laýyk gelip, olaryň üçden bir bölegi berilen teklibi kabul edipdi.