Oýun sanawy


Russiýada döwlet goldawy bilen surata düşürilen filmleriň diňe 12 göterimi özüni ödedi
18 Mart. 10:502025-nji ýylyň netijelerine görä, Russiýada döwlet maliýeleşdirmesi esasynda surata düşürilen çeper filmleriň agramly bölegi prokatda garaşylýan girdejini getirmedi. «КГ PROGRESS» seljeriş merkeziniň berýän maglumatlaryna görä, jemi 41 sany döwlet goldawyndaky taslamanyň diňe 5-si özüne sarp edilen çykdajylary ödemegi başardy. Bu bolsa resmi taýdan goldanylan filmleriň diňe 12 göteriminiň işewürlik nukdaýnazaryndan şowly bolandygyny görkezýär.
Maliýe taýdan ýylyň iň girdejili taslamasy «Zümerret şäheriniň jadygöýi. Sary kerpiç ýol» atly film boldy. Bu ekran eseri ähli önümçilik we mahabat çykdajylaryndan daşgary 1,39 mlrd rubl sap girdeji gazanyp, sanawyň başyny çekdi. Onuň yzyndan gelýän «Kakasynyň gyzlary. Ejem gaýdyp geldi» we «Bürgüt. Ilkinji batyr» ýaly filmler hem degişlilikde 515 mln we 341 mln rubl girdeji getirip, sanlyja şowly taslamalaryň hataryna goşuldy.
Emma käbir iri göwrümli taslamalar garaşylmadyk maliýe şowsuzlyklaryna duçar boldy. Hususan-da, «Gaharjaň şäher» filmi 2025-nji ýylyň iň uly ýitgili taslamasy hasaplanyp, oňa özüni ödemek üçin 1,86 mlrd rubl ýetmedi. Bu görkeziji kino pudagynda döwlet serişdeleriniň peýdalanylyşy we tomaşaçylaryň islegleriniň dogry çaklanmagy baradaky meseleleri ýene-de bir gezek gün tertibine getirdi.
Aýratyn bellemeli zat, «Kraken» filmi döwletden 760 million rubl möçberinde iň uly maliýe kömegini alandygyna garamazdan, prokatda şowsuzlyga uçrady. Ol hatda özüne sarp edilen serişdeleri hem ödemegi başarmady we ýylyň iň uly telekeçilik şowsuzlyklarynyň biri hökmünde hasaba alyndy. Kino gaznasynyň we Medeniýet ministrliginiň maglumatlary esasynda taýýarlanan bu hasabat, geljekde filmleriň maliýeleşdiriş ulgamynyň täzeden gözden geçirilmegine sebäp bolup biler.
Şeýle hem okanyň


Günorta afrikaly ýazyjy emeli aňyň kömegi bilen 370-den gowrak kitap neşir edip, 1 million dollar gazandy
24 Okt. 13:11Koral Hart lakamy bilen tanalýan günorta afrikaly ýazyjy soňky 20 aýyň dowamynda emeli aň ulgamlarynyň kömegi bilen 371 sany kitaby ýazyp, neşir etmegi başardy. Yerli «EWN» radiosynyň habar bermegine görä, öň 14 ýyllap neşirýat ulgamynda zähmet çeken awtor 2025-nji ýylyň fewralynda emeli aň teknolojialaryny özleşdirip, gysga wagtyň içinde doly derejeli romanlary döretmäge mümkinçilik berýän hususy ulgamyny işläp düzdi. Ýazyjy her bir eseriň sýužetini, stiline hem-da каarakterlerini özi kesgitläp, emeli aňa meýilnama berýär, alnan garalama bolsa jemleýji tapgyrda awtor tarapyndan redaktirlenýär.
Täze romany döretmek üçin emeli aňa bary-ýogy 45 minut töweregi wagt gerek bolup, taýýar tekst iki gezek neýroulgamdan geçirildikden soň adam tarapyndan okalyp, neşire taýýarlanýar. Awtor öz kitaplarynyň 1 milliondan gowrak nusgasyny satmagy başardy we 2026-njy ýylda 1 million dollardan gowrak peýda gazandy. Ýazyjynyň emeli aň bilen bilelikde döreden söýgi romanlarynyň biri hatda «Amazon» platformasynyň iň geçginli 100 bestselleriniň hataryna girmegi başardy.
Häzirki wagtda Koral Hart öz eserlerini sanly, çap edilen we audio formatlarda okyjylara hödürleýär hem-da özüni täjirçilik edebiýatynda täze eýýamyň düýbüni tutujy hökmünde görkezýär. Şeýle hem ol emeli aňdan peýdalanmak ýoly bilen kitap ýazmak dyesinde beýleki awtorlar üçin «Authorythm» diýlip atlandyrylýan ýörite programma üpjünçiligini taýýarlaýar. Bu täsin tejribe edebiýat äleminde emeli aňyň amaly mümkinçilikleriniň täze sahypasyny açdy.