Oýun sanawy

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar

08 Aprel. 10:24

Çeşme

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ministriň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) ýurdumyzdaky ilçisi Beata Peksanyň arasynda möhüm duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň barşynda taraplar Aşgabat bilen Brýusseliň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyna ýokary baha berdiler. ÝB-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda we sebitara dialogy ösdürmekde tutýan orny aýratyn bellenildi.

Duşuşygyň dowamynda halkara we sebit gün tertibiniň ileri tutulýan meseleleri boýunça giňişleýin pikir alyşmalar boldy. Taraplar durnukly ösüş, howpsuzlyk we ykdysady hyzmatdaşlyk ugurlarynda durmuşa geçirilýän bilelikdäki taslamalaryň netijeliligini maslahatlaşdylar. Syýasy gepleşikleriň yzygiderli häsiýeti iki tarapyň hem dünýä derejesindäki başlangyçlary goldamaga we täze strategik çemeleşmeleri işläp düzmäge taýýardygyny görkezdi.

Gepleşikleriň esasy mowzuklarynyň biri hem ozal gazanylan ylalaşyklaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi bilen bagly boldy. Diplomatlar hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny kämilleşdirmek we söwda-ykdysady gatnaşyklary täze derejä çykarmak boýunça anyk teklipleri öňe sürdiler. Türkmenistanyň halkara giňişligindäki parahatçylyk döredijilikli başlangyçlary bilen Ýewropa Bileleşiginiň strategik bähbitleriniň utgaşmagy geljekki gatnaşyklar üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat edýär.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar netijeli dialogyň dowam etdiriljekdigine we hyzmatdaşlygyň geriminiň giňeldiljekdigine ynam bildirdiler. Mähri Bäşimowa we Beata Peksa taraplaryň özara bähbitli gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga we täze anyk taslamalaryň üstünde işlemäge taýýardyklaryny tassykladylar. Bu gepleşikler Türkmenistanyň Ýewropa ýurtlary bilen köptaraplaýyn we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek syýasatyna doly laýyk gelýär.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

«Microsoft» kompaniýasy 60 müňe golaý işgärine öwez tölegi bilen meýletin işden çykmagy teklip etdi

Bugün 09:12

Çeşme

«Microsoft» korporasiýasy ABŞ-da, Kanadada, Beýik Britaniýada we Hindistanda zähmet çekýän 60 müň töweregi zähmetkeşine degişli öwez töleglerini tölemek şerti bilen işden meýletin gitmek maksatnamasyny hödürledi. «Business Insider» neşiriniň habar bermegine görä, bu teklip kompaniýanyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna we inženerçilik hünärmenlerine degişli bolman, meýletin gitmek isleýän beýleki işgärler dekabr aýynyň başyna çenli öz gutarnykly kararlaryny bildirmelidirler.

Bu başlangyç «Microsoft» kompaniýasynyň işgär sanyny kadalaşdyrmak hem-da meýilleşdirilmedik mejbury işden боşatmalaryň öňüni almak boýunça amala aşyrýan nobatdaky çäresidir. Häzirki wagtda emeli aň infrastrukturasyna we innowasion taslamalara uly möçberde maýa goýumlaryny ýöneltýän tehnologiýa ägirdi şol bir wagtyň özünde içki çykdajylary optimizirlemegi maksat edinýär. 2026-njy ýylyň iýun aýyndaky maglumatlara görä, kompaniýada 226 müň adam zähmet çekýärdi, diýmek, täze meýletin maksatnama işgärleriň dörtden bir bölegine golaýyny öz içine alýar.

Bellenilmeli z zat, 2026-njy ýylyň aprelinde hem «Microsoft» ABŞ-daky gullukçylaryna meýletin işden gitmek maksatnamasyny hödürläpdi. Şonda ýaşy bilen kompaniýadaky zähmet stajynyň jemi 70-den geçýän, takmynan, 9 müň işgär bu şertlere laýyk gelip, olaryň üçden bir bölegi berilen teklibi kabul edipdi.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌