Oýun sanawy


Jeki Çan Gazagystanda gurulýan täze kinostudiýa üçin taryhy sowgat iberdi
08 Aprel. 16:25Gazagystanyň Almaty oblastynda amala aşyrylýan «Dala Stage Creative Tech Park» atly täze kinopawilýonyň gurluşygy dünýä belli aktýor Jeki Çanyň sowgady bilen dabaralandy. Meşhur aktýor täze taslamanyň binýadyna goýmak üçin özüniň ýörite «wagt kapsulasyny» iberdi. Bu taryhy sowgat gurluşyk meýdançasyna dikuçar arkaly getirilip, režissýor Robert Kuna dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Täze studiýanyň gurluşygy halkara kino taslamalary üçin möhüm ähmiýete eýedir. Bu ýerde Jeki Çanyň gatnaşmagynda meşhur filmiň dowamy bolan «Hudaýyň ýaraglary 4: Talap» atly täze ekran eseriniň surata düşürilmegi meýilleşdirilýär. Taslamanyň prodýuseri Li Çiu Wa aktýoryň bu taslamanyň bary-ýogy alty aýyň içinde amala aşyrylyp başlanmagyna ýokary baha berýändigini we gazagystanlylara üstünlik dileýändigini ýetirdi.
Sebitiň häkimi Marat Sultangaziýewiň bellemegine görä, bu döwrebap desga ýerli hünärmenlere dünýäniň öňdebaryjy kinostudiýalary bilen bäsleşmäge şert döreder. 15 gektar meýdany öz içine alýan «Dala Stage» tehnoparky sebitde döredijilik industriýasynyň ösmegine we halkara hyzmatdaşlygyň berkemegine güýçli itergi berer. 3 000 inedördül metrlik gurluşyk bölegi iň täze tehnologiýalar bilen üpjün ediler.
Gurluşyk işleriniň şu ýylyň awgust aýynda tamamlanmagyna garaşylýar. Jeki Çanyň täze filmi bilen işe giriziljek bu studiýa diňe bir Gazagystanyň däl, eýsem tutuş sebitiň kino sungatynyň täze belentliklere göterilmegi üçin möhüm binýat bolar. Bu innowasion taslama halkara kino dünýäsiniň ünsüni Merkezi Aziýa çekmäge ýardam eder.
Şeýle hem okanyň


«Microsoft» kompaniýasy 60 müňe golaý işgärine öwez tölegi bilen meýletin işden çykmagy teklip etdi
Bugün 09:12«Microsoft» korporasiýasy ABŞ-da, Kanadada, Beýik Britaniýada we Hindistanda zähmet çekýän 60 müň töweregi zähmetkeşine degişli öwez töleglerini tölemek şerti bilen işden meýletin gitmek maksatnamasyny hödürledi. «Business Insider» neşiriniň habar bermegine görä, bu teklip kompaniýanyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna we inženerçilik hünärmenlerine degişli bolman, meýletin gitmek isleýän beýleki işgärler dekabr aýynyň başyna çenli öz gutarnykly kararlaryny bildirmelidirler.
Bu başlangyç «Microsoft» kompaniýasynyň işgär sanyny kadalaşdyrmak hem-da meýilleşdirilmedik mejbury işden боşatmalaryň öňüni almak boýunça amala aşyrýan nobatdaky çäresidir. Häzirki wagtda emeli aň infrastrukturasyna we innowasion taslamalara uly möçberde maýa goýumlaryny ýöneltýän tehnologiýa ägirdi şol bir wagtyň özünde içki çykdajylary optimizirlemegi maksat edinýär. 2026-njy ýylyň iýun aýyndaky maglumatlara görä, kompaniýada 226 müň adam zähmet çekýärdi, diýmek, täze meýletin maksatnama işgärleriň dörtden bir bölegine golaýyny öz içine alýar.
Bellenilmeli z zat, 2026-njy ýylyň aprelinde hem «Microsoft» ABŞ-daky gullukçylaryna meýletin işden gitmek maksatnamasyny hödürläpdi. Şonda ýaşy bilen kompaniýadaky zähmet stajynyň jemi 70-den geçýän, takmynan, 9 müň işgär bu şertlere laýyk gelip, olaryň üçden bir bölegi berilen teklibi kabul edipdi.