Oýun sanawy

Dagystanda gaýtalanýan sil suwlary sebitde adatdan daşary ýagdaýy döretdi

06 Aprel. 09:51

Çeşme

Russiýanyň Dagystan Respublikasynda gysga wagtyň içinde ikinji gezek güýçli sil akymlary hasaba alyndy. Aprel aýynyň ilkinji günlerinde ýagan aşa köp ýagynlar martyň ahyryndaky tebigy apatyň yzýanyndan has agyr weýrançylyklara sebäp boldy. Ýerli häkimiýetler tarapyndan berilýän maglumatlara görä, bu gezekki suw joşguny diňe bir ýaşaýyş jaýlaryna däl, eýsem sebitiň möhüm strategik üpjünçilik ulgamyna hem uly zeper ýetirdi.

Tebigy apatyň netijesinde Mahaçkala, Derbent we Hasawýurt ýaly iri şäherleriň köçelerini suw basyp, ulag gatnawy doly bökdençlige uçrady. Paýtagt şäherde adatdan daşary ýagdaý düzgüni yglan edilip, ýüzden gowrak ilatly nokat elektrik energiýasyndan mahrum galdy. Şeýle hem federal ähmiýetli awtomobil ýollaryna we demir ýol geçelgelerine sil akymlarynyň gelmegi sebitara gatnawlary wagtlaýynça duruzmaga mejbur etdi.

Iň agyr ýagdaýlar Mahaçkalanyň ýaşaýyş zolagynda hasaba alyndy, ol ýerde suw akymlarynyň täsirinde köp gatly binalaryň biriniň düýbi opurylyp, jaýyň doly ýykylmagyna getirdi. Golaýdaky binalara hem howp abanýandygy sebäpli, 300-e golaý ýaşaýjy gyssagly ýagdaýda howpsuz ýerlere göçürildi. Hünärmenler sebitde ýene-de täze ýumrulmalaryň we ýer süýşmeleriniň bolup biljekdigi barada duýduryş berýärler.

Hasawýurt şäherinde bolsa sil suwlary derýanyň golaýyndaky söwda nokatlaryny we uly bazary akdyryp äkitdi. Sosial ulgamlarda paýlaşylan şekillerde güýçli akymyň dürli harytlary we tehnikalary alyp barýandygyny synlamak bolýar. Häzirki wagtda halas ediş gulluklary we arassalaýjy toparlar suw basan sebitlerde işlerini dowam etdirýärler, emma ýagyşlaryň dowam etmegi dikeldiş işlerini bökdeýär.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Günorta afrikaly ýazyjy emeli aňyň kömegi bilen 370-den gowrak kitap neşir edip, 1 million dollar gazandy

24 Okt. 13:11

Çeşme

Koral Hart lakamy bilen tanalýan günorta afrikaly ýazyjy soňky 20 aýyň dowamynda emeli aň ulgamlarynyň kömegi bilen 371 sany kitaby ýazyp, neşir etmegi başardy. Yerli «EWN» radiosynyň habar bermegine görä, öň 14 ýyllap neşirýat ulgamynda zähmet çeken awtor 2025-nji ýylyň fewralynda emeli aň teknolojialaryny özleşdirip, gysga wagtyň içinde doly derejeli romanlary döretmäge mümkinçilik berýän hususy ulgamyny işläp düzdi. Ýazyjy her bir eseriň sýužetini, stiline hem-da каarakterlerini özi kesgitläp, emeli aňa meýilnama berýär, alnan garalama bolsa jemleýji tapgyrda awtor tarapyndan redaktirlenýär.

Täze romany döretmek üçin emeli aňa bary-ýogy 45 minut töweregi wagt gerek bolup, taýýar tekst iki gezek neýroulgamdan geçirildikden soň adam tarapyndan okalyp, neşire taýýarlanýar. Awtor öz kitaplarynyň 1 milliondan gowrak nusgasyny satmagy başardy we 2026-njy ýylda 1 million dollardan gowrak peýda gazandy. Ýazyjynyň emeli aň bilen bilelikde döreden söýgi romanlarynyň biri hatda «Amazon» platformasynyň iň geçginli 100 bestselleriniň hataryna girmegi başardy.

Häzirki wagtda Koral Hart öz eserlerini sanly, çap edilen we audio formatlarda okyjylara hödürleýär hem-da özüni täjirçilik edebiýatynda täze eýýamyň düýbüni tutujy hökmünde görkezýär. Şeýle hem ol emeli aňdan peýdalanmak ýoly bilen kitap ýazmak dyesinde beýleki awtorlar üçin «Authorythm» diýlip atlandyrylýan ýörite programma üpjünçiligini taýýarlaýar. Bu täsin tejribe edebiýat äleminde emeli aňyň amaly mümkinçilikleriniň täze sahypasyny açdy.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌