Oýun sanawy


Sanly teňňe Gazagystanyň milli pulunyň üçünji resmi görnüşi hökmünde tassyklanyldy
17 Iýun. 08:09Gazagystanda sanly teňňäniň kadalaşdyryjy-hukuk binýady doly tassyklanyp, ol nagt we nagt däl pul serişdeleri bilen bir hatarda, ýurduň milli pulunyň üçünji görnüşi hökmünde resmi taýdan ykrar edildi. Bu barada döwlet maliýe ulgamyny sanlylaşdyrmaga bagyşlanan brifingde Gazagystanyň maliýe ministriniň orunbasary Aset Turysow mälim etdi.
Ministriň orunbasarynyň sözlerine görä, geçen ýylyň dowamynda ýurduň Milli banky bilen bilelikde sanly teňňäni durmuşa ornaşdyrmak boýunça 20-ä golaý synag taslamalary üstünlikli amala aşyryldy. Alnan oňyn netijeler hökümete we baş maliýe edarasyna täze pul görnüşini geljekde ulanmagyň anyk meýilnamalaryny tassyklamaga ýol açdy. Ýurt üçin taryhy ähmiýeti bolan bu taslama barada döwlet Baştutany hem aýratyn durup geçdi.
«Tengrinews» neşiriniň habar bermegine görä, sanly teňňäniň dolanyşygy tapgyrlaýyn esasda giňeldiler. Ilkinji nobatda, täze pul ulgamy býujet maksatnamalaryny maliýeleşdirmekde we hökümet tarapyndan kesgitlenen döwlet başlangyçlarynda ulanylar. Ýeri gelende ýatlasak, premýer-ministr Olžas Bektenow döwlet býujetinden we Milli gaznadan maliýeleşdirilýän 100 sany iň iri taslamany sanly teňňä geçirmegi tabşyrypdy, munuň özi döwlet serişdeleriniň harçlanmagyna gözegçiligi we aýdyňlygy ýokarlandyrmaga ýardam eder.
Şeýle hem okanyň


Günorta afrikaly ýazyjy emeli aňyň kömegi bilen 370-den gowrak kitap neşir edip, 1 million dollar gazandy
24 Okt. 13:11Koral Hart lakamy bilen tanalýan günorta afrikaly ýazyjy soňky 20 aýyň dowamynda emeli aň ulgamlarynyň kömegi bilen 371 sany kitaby ýazyp, neşir etmegi başardy. Yerli «EWN» radiosynyň habar bermegine görä, öň 14 ýyllap neşirýat ulgamynda zähmet çeken awtor 2025-nji ýylyň fewralynda emeli aň teknolojialaryny özleşdirip, gysga wagtyň içinde doly derejeli romanlary döretmäge mümkinçilik berýän hususy ulgamyny işläp düzdi. Ýazyjy her bir eseriň sýužetini, stiline hem-da каarakterlerini özi kesgitläp, emeli aňa meýilnama berýär, alnan garalama bolsa jemleýji tapgyrda awtor tarapyndan redaktirlenýär.
Täze romany döretmek üçin emeli aňa bary-ýogy 45 minut töweregi wagt gerek bolup, taýýar tekst iki gezek neýroulgamdan geçirildikden soň adam tarapyndan okalyp, neşire taýýarlanýar. Awtor öz kitaplarynyň 1 milliondan gowrak nusgasyny satmagy başardy we 2026-njy ýylda 1 million dollardan gowrak peýda gazandy. Ýazyjynyň emeli aň bilen bilelikde döreden söýgi romanlarynyň biri hatda «Amazon» platformasynyň iň geçginli 100 bestselleriniň hataryna girmegi başardy.
Häzirki wagtda Koral Hart öz eserlerini sanly, çap edilen we audio formatlarda okyjylara hödürleýär hem-da özüni täjirçilik edebiýatynda täze eýýamyň düýbüni tutujy hökmünde görkezýär. Şeýle hem ol emeli aňdan peýdalanmak ýoly bilen kitap ýazmak dyesinde beýleki awtorlar üçin «Authorythm» diýlip atlandyrylýan ýörite programma üpjünçiligini taýýarlaýar. Bu täsin tejribe edebiýat äleminde emeli aňyň amaly mümkinçilikleriniň täze sahypasyny açdy.