Oýun sanawy

Peter Madýar döwlet edaralarynyň ýolbaşçylaryna wezipelerini tabşyrmagy teklip etdi

22 Aprel. 13:58

Çeşme

Wengriýada geçirilen parlament saýlawlarynda uly ýeňiş gazanan «Tisa» partiýasynyň lideri Peter Madýar ýurduň dolandyryş ulgamynda düýpli özgertmelere taýýarlanýar. TASS habarlar agentliginiň berýän maglumatyna görä, geljekki Premýer-ministr öňki Hökümet döwründe bellenen ähli döwlet edaralarynyň ýolbaşçylaryna 31-nji maýa çenli öz meýli bilen işden gitmegi teklip etdi.

Madýar bu ädimiň täze dolandyryşyň netijeli işlemegi üçin zerurdygyny nygtady. Ol eger görkezilen möhlete çenli wezipeler boşadylmasa, 31-nji maýdan soň täze Hökümetiň kanuny ygtyýarlyklaryny ulanyp, mecbury wezipeden boşatmak çärelerine başlajakdygyny duýdurdy. Bu duýduryş ýurtda häkimiýet çalşygynyň örän çynlakaý we çalt depginlerde barjakdygyny görkezýär.

12-nji aprelde bolup geçen saýlawlarda «Tisa» partiýasy 199 orunlyk parlamentiň 141 ornuny eýeläp, konstitusion köplügi ele aldy. Bu bolsa Madýaryň partiýasyna hatda ýurduň Esasy Kanunyna — Konstitusiýasyna hem islendik üýtgetmeleri girizmäge doly hukuk berýär. Şeýle güýçli syýasy binýat täze ýolbaşçynyň radikal kararlar kabul etmegine mümkinçilik döredýär.

Peter Madýar saýlawlardan soň diňe bir döwlet edaralarynyň ýolbaşçylaryny däl, eýsem ýurduň Prezidentini, Ýokary we Konstitusion kazylaryny, şeýle-de baş prokurory wezipesini tabşyrmaga çagyrdy. Maý aýynyň başynda geçiriljek parlamentiň birinji mejlisinde Madýaryň Premýer-ministr wezipesine resmi taýdan saýlanmagyna garaşylýar.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Günorta afrikaly ýazyjy emeli aňyň kömegi bilen 370-den gowrak kitap neşir edip, 1 million dollar gazandy

24 Okt. 13:11

Çeşme

Koral Hart lakamy bilen tanalýan günorta afrikaly ýazyjy soňky 20 aýyň dowamynda emeli aň ulgamlarynyň kömegi bilen 371 sany kitaby ýazyp, neşir etmegi başardy. Yerli «EWN» radiosynyň habar bermegine görä, öň 14 ýyllap neşirýat ulgamynda zähmet çeken awtor 2025-nji ýylyň fewralynda emeli aň teknolojialaryny özleşdirip, gysga wagtyň içinde doly derejeli romanlary döretmäge mümkinçilik berýän hususy ulgamyny işläp düzdi. Ýazyjy her bir eseriň sýužetini, stiline hem-da каarakterlerini özi kesgitläp, emeli aňa meýilnama berýär, alnan garalama bolsa jemleýji tapgyrda awtor tarapyndan redaktirlenýär.

Täze romany döretmek üçin emeli aňa bary-ýogy 45 minut töweregi wagt gerek bolup, taýýar tekst iki gezek neýroulgamdan geçirildikden soň adam tarapyndan okalyp, neşire taýýarlanýar. Awtor öz kitaplarynyň 1 milliondan gowrak nusgasyny satmagy başardy we 2026-njy ýylda 1 million dollardan gowrak peýda gazandy. Ýazyjynyň emeli aň bilen bilelikde döreden söýgi romanlarynyň biri hatda «Amazon» platformasynyň iň geçginli 100 bestselleriniň hataryna girmegi başardy.

Häzirki wagtda Koral Hart öz eserlerini sanly, çap edilen we audio formatlarda okyjylara hödürleýär hem-da özüni täjirçilik edebiýatynda täze eýýamyň düýbüni tutujy hökmünde görkezýär. Şeýle hem ol emeli aňdan peýdalanmak ýoly bilen kitap ýazmak dyesinde beýleki awtorlar üçin «Authorythm» diýlip atlandyrylýan ýörite programma üpjünçiligini taýýarlaýar. Bu täsin tejribe edebiýat äleminde emeli aňyň amaly mümkinçilikleriniň täze sahypasyny açdy.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌