Oýun sanawy

Hytaýyň ýokary okuw mekdepleri ynsanperwer ugurlary gysgaldyp, emeli aňa ünsi güýçlendirýärler

17 Iýun. 11:13

Çeşme

Hytaý Halk Respublikasynyň ýokary bilim ulgamynda giň gerimli we düpli özgertmeler amala aşyrylýar. Ýurduň Bilim ministrliginiň resmi maglumatlaryna laýyklykda, 2021 — 2025-nji ýyllar aralygynda ýurt boýunça jemi 12,2 müň sany bakalawr maksatnamasy ýatyryldy ýa-da wagtlaýynça duruzyldy. «South China Morning Post» neşiriniň habar bermegine görä, olaryň deregine häzirki zaman tehnologiýalarynyň we zähmet bazarynyň talaplaryna laýyk gelýän 10,2 müňe golaý täze hünär ugurlary açyldy.

Bu taryhy özgertmeler Hytaýyň uniwersitet maksatnamalarynyň 30 göteriminden gowragyna göni täsir etdi. Iň uly gysgaltmalar filologiýa, taryh ýaly ynsanperwer ylymlarynda, sungat, daşary ýurt dilleri we dolandyryş (menejment) ugurlarynda bellendi. Ekspertler emeli aňyň hem-de önümçiligi awtomatlaşdyrmak ulgamynyň çalt ösmegi sebäpli, bu hünärleriň uçurymlaryna bolan islegiň örän azalandygyny we bazarda bäsleşigiň aşa ýokarlanandygyny aýdyşarlar.

Geçirilýän reformalaryň esasy maksady ýokary bilimi ýurduň tehnologik we ykdysady ösüşine doly uýgunlaşdyrmakdan ybaratdyr. Häzirki wagtda Hytaýyň uniwersitetleri döwlet üçin iň zerur bolan ugurlara maýa goýýarlar. Mysal üçin, eýýäm dokuz sany ýokary okuw jaýynda emeli aňy önümçilik we inženerçilik ulgamlaryna göni ornaşdyrmaga ýardam edýän «janlandyrylan emeli aň» (embodied AI) ugry boýunça talyplar kabul edilip başlandy. Ýaşlaryň arasyndaky işsizlik derejesiniň 16 göterimden geçmegi hem häkimiýetleri okuw meýilnamalaryny durmuşyň hakyky isleglerine görä çalt üýtgetmäge mejbur etdi.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

«Microsoft» kompaniýasy 60 müňe golaý işgärine öwez tölegi bilen meýletin işden çykmagy teklip etdi

Bugün 09:12

Çeşme

«Microsoft» korporasiýasy ABŞ-da, Kanadada, Beýik Britaniýada we Hindistanda zähmet çekýän 60 müň töweregi zähmetkeşine degişli öwez töleglerini tölemek şerti bilen işden meýletin gitmek maksatnamasyny hödürledi. «Business Insider» neşiriniň habar bermegine görä, bu teklip kompaniýanyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna we inženerçilik hünärmenlerine degişli bolman, meýletin gitmek isleýän beýleki işgärler dekabr aýynyň başyna çenli öz gutarnykly kararlaryny bildirmelidirler.

Bu başlangyç «Microsoft» kompaniýasynyň işgär sanyny kadalaşdyrmak hem-da meýilleşdirilmedik mejbury işden боşatmalaryň öňüni almak boýunça amala aşyrýan nobatdaky çäresidir. Häzirki wagtda emeli aň infrastrukturasyna we innowasion taslamalara uly möçberde maýa goýumlaryny ýöneltýän tehnologiýa ägirdi şol bir wagtyň özünde içki çykdajylary optimizirlemegi maksat edinýär. 2026-njy ýylyň iýun aýyndaky maglumatlara görä, kompaniýada 226 müň adam zähmet çekýärdi, diýmek, täze meýletin maksatnama işgärleriň dörtden bir bölegine golaýyny öz içine alýar.

Bellenilmeli z zat, 2026-njy ýylyň aprelinde hem «Microsoft» ABŞ-daky gullukçylaryna meýletin işden gitmek maksatnamasyny hödürläpdi. Şonda ýaşy bilen kompaniýadaky zähmet stajynyň jemi 70-den geçýän, takmynan, 9 müň işgär bu şertlere laýyk gelip, olaryň üçden bir bölegi berilen teklibi kabul edipdi.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌