Oýun sanawy

Özbegistanyň Yslam medeniýeti merkezi dünýä rekordyny goýdy

14 Aprel. 13:49

Çeşme

Daşkent şäherinde ýerleşýän Özbegistanyň Yslam medeniýeti merkezi özüniň ägirt uly göwrümi bilen Ginnesiň rekordlar kitabyna resmi taýdan girizildi. Bu desga «Yslam medeniýetiniň iň iri muzeýi» diýen ugur boýunça dünýäde birinji orny eýeledi. Ýurduň medeni durmuşynda taryhy waka öwrülen bu habary sebitiň iri habarlar serişdeleri jemgyýetçilige ýetirdi.

Hezreti Ymam toplumynyň çäginde bina edilen bu merkeziň binagärlik aýratynlyklary haýran galdyrýar. Desga 10 gektar meýdany tutup, onuň umumy gurluşyk meýdany 50 müň inedördül metre golaýdyr. Binanyň uzynlygy 161 metr, ini bolsa 118 metr bolup, onuň 65 metr beýiklikdäki gümmezi şäheriň binagärlik keşbine aýratyn gözellik gatýar. Edil şu görkezijiler hem merkeziň dünýä derejesinde rekord hökmünde ykrar edilmegine esas boldy.

Ginnesiň rekordlar kitabynyň wekili Seýda Subasi tarapyndan gowşurylan ýörite güwäname bu desganyň halkara derejesindäki abraýyny tassyklady. Rekorddan başga-da, bu merkez türki dilli döwletleriň arasynda «Iň gowy muzeý» diýen ýokary ada hem mynasyp boldy. Täze muzeý diňe bir ylmy-barlag merkezi bolman, eýsem, sebitiň iň esasy syýahatçylyk we medeni merkezleriniň birine öwrüler.

Toplumyň binagärlik gurluşy we tehnologik üpjünçiligi döwrebap standartlara laýyk gelýär. Ol öz içinde seýrek duş gelýän golýazmalary, taryhy gymmatlyklary we Yslam dünýäsine degişli medeni miraslary saklaýar. Bu merkeziň Ginnesiň rekordlar kitabyna girmegi Özbegistanyň halkara medeni giňişligindäki ornuny has-da berkitmäge ýardam berer.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Günorta afrikaly ýazyjy emeli aňyň kömegi bilen 370-den gowrak kitap neşir edip, 1 million dollar gazandy

24 Okt. 13:11

Çeşme

Koral Hart lakamy bilen tanalýan günorta afrikaly ýazyjy soňky 20 aýyň dowamynda emeli aň ulgamlarynyň kömegi bilen 371 sany kitaby ýazyp, neşir etmegi başardy. Yerli «EWN» radiosynyň habar bermegine görä, öň 14 ýyllap neşirýat ulgamynda zähmet çeken awtor 2025-nji ýylyň fewralynda emeli aň teknolojialaryny özleşdirip, gysga wagtyň içinde doly derejeli romanlary döretmäge mümkinçilik berýän hususy ulgamyny işläp düzdi. Ýazyjy her bir eseriň sýužetini, stiline hem-da каarakterlerini özi kesgitläp, emeli aňa meýilnama berýär, alnan garalama bolsa jemleýji tapgyrda awtor tarapyndan redaktirlenýär.

Täze romany döretmek üçin emeli aňa bary-ýogy 45 minut töweregi wagt gerek bolup, taýýar tekst iki gezek neýroulgamdan geçirildikden soň adam tarapyndan okalyp, neşire taýýarlanýar. Awtor öz kitaplarynyň 1 milliondan gowrak nusgasyny satmagy başardy we 2026-njy ýylda 1 million dollardan gowrak peýda gazandy. Ýazyjynyň emeli aň bilen bilelikde döreden söýgi romanlarynyň biri hatda «Amazon» platformasynyň iň geçginli 100 bestselleriniň hataryna girmegi başardy.

Häzirki wagtda Koral Hart öz eserlerini sanly, çap edilen we audio formatlarda okyjylara hödürleýär hem-da özüni täjirçilik edebiýatynda täze eýýamyň düýbüni tutujy hökmünde görkezýär. Şeýle hem ol emeli aňdan peýdalanmak ýoly bilen kitap ýazmak dyesinde beýleki awtorlar üçin «Authorythm» diýlip atlandyrylýan ýörite programma üpjünçiligini taýýarlaýar. Bu täsin tejribe edebiýat äleminde emeli aňyň amaly mümkinçilikleriniň täze sahypasyny açdy.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌