Oýun sanawy


Fransiýa daşary ýurt departamentlerindäki tokaý zolaklarynyň hasabyna goralýan tebigy çäklerini giňeldýär
13 Iýun. 08:40Fransiýanyň Ekologik geçiş ministrligi tokaý zolaklarynyň goşmaça 157 müň gektaryny döwlet goragyna alýan döwrebap maksatnamany tassyklady. Bu taslama 2030-njy ýyla çenli ýurduň umumy çäginiň azyndan 10 göterimini «örän berk goraýyş» derejesine geçirmek baradaky milli strategiýanyň çäklerinde amala aşyrylýar. Çäreleriň esasy maksady tebigata adam täsiriniň derejesini azaltmakdan hem-de seýrek duş gelýän ösümlik we haýwanat dünýäsiniň ýaşaýyş gurşawyny durnukly saklamakdan ybaratdyr.
Täze döredilen gorag zolaklarynyň aglaba bölegi, ýagny takmynan 99,5 göterimi Ýewropa gury ýerinden uzakda, Günorta Amerikada ýerleşýän Fransiýa Gwianasynyň çäklerine düşýär. Ekologik taslamanyň özeni hökmünde 156 müň gektardan gowrak tropik tokaýlary we granit dag gerişlerini öz içine alýan «Armontabo gaýaly gerişleri» atly goraghananyň çäkleri görkezilýär. Döwletiň Ýewropa böleginde bolsa Wogez, Kantal, Mýoz we Aşaky Reýn ýaly sebitlerde diňe 1000 gektara golaý gadymy we belent dag tokaýlyklary goraga alyndy.
Resmi edaralaryň düşündirişine görä, goralýan çäklerde hojalyk we agaç çapmak işlerini doly gadagan edýän ýörite düzgünler girizildi. Mekanizme laýyklykda, tokaýlaryň käbir bölekleri sap tebigy ýol bilen öser, beýleki ýerler bolsa ýitip barýan ekoulgamlary gorap saklamak maksady bilen hünärmenler tarapyndan aýratyn usullar arkaly dolandyrylar. Bu özgertmeler netijesinde ýurtdaky biologik goraghanalaryň sany 276-a ýetip, berk goralýan ýerleriň paýy 6,43 göterime çenli ýokarlandy.
Şeýle hem ekologik borçnamalaryň indiki tapgyry hökmünde 2030-njy ýyla çenli ýene-de 250 müň gektar tokaý meýdanyny berk gözegçilige almak meýilleşdirilýär. Tokaýlyklaryň agramly bölegi, ýagny 180 müň gektary ýene-de Fransiýa Gwianasynyň paýyna düşer we daşary ýurt departamentlerindäki biodürlüligi goramaga gönükdiriler. Halkara derejede amala aşyrylýan bu ädimler dünýäniň tokaý sergileriniň zaýalanmagyna garşy göreşmekde uly ähmiýete eýedir.
Şeýle hem okanyň


Günorta afrikaly ýazyjy emeli aňyň kömegi bilen 370-den gowrak kitap neşir edip, 1 million dollar gazandy
24 Okt. 13:11Koral Hart lakamy bilen tanalýan günorta afrikaly ýazyjy soňky 20 aýyň dowamynda emeli aň ulgamlarynyň kömegi bilen 371 sany kitaby ýazyp, neşir etmegi başardy. Yerli «EWN» radiosynyň habar bermegine görä, öň 14 ýyllap neşirýat ulgamynda zähmet çeken awtor 2025-nji ýylyň fewralynda emeli aň teknolojialaryny özleşdirip, gysga wagtyň içinde doly derejeli romanlary döretmäge mümkinçilik berýän hususy ulgamyny işläp düzdi. Ýazyjy her bir eseriň sýužetini, stiline hem-da каarakterlerini özi kesgitläp, emeli aňa meýilnama berýär, alnan garalama bolsa jemleýji tapgyrda awtor tarapyndan redaktirlenýär.
Täze romany döretmek üçin emeli aňa bary-ýogy 45 minut töweregi wagt gerek bolup, taýýar tekst iki gezek neýroulgamdan geçirildikden soň adam tarapyndan okalyp, neşire taýýarlanýar. Awtor öz kitaplarynyň 1 milliondan gowrak nusgasyny satmagy başardy we 2026-njy ýylda 1 million dollardan gowrak peýda gazandy. Ýazyjynyň emeli aň bilen bilelikde döreden söýgi romanlarynyň biri hatda «Amazon» platformasynyň iň geçginli 100 bestselleriniň hataryna girmegi başardy.
Häzirki wagtda Koral Hart öz eserlerini sanly, çap edilen we audio formatlarda okyjylara hödürleýär hem-da özüni täjirçilik edebiýatynda täze eýýamyň düýbüni tutujy hökmünde görkezýär. Şeýle hem ol emeli aňdan peýdalanmak ýoly bilen kitap ýazmak dyesinde beýleki awtorlar üçin «Authorythm» diýlip atlandyrylýan ýörite programma üpjünçiligini taýýarlaýar. Bu täsin tejribe edebiýat äleminde emeli aňyň amaly mümkinçilikleriniň täze sahypasyny açdy.