Oýun sanawy

Gazagystan milli it tohumlarynyň gününi resmi taýdan döretdi

21 Aprel. 13:59

Çeşme

Gazagystanyň hökümet derejesindäki täze karary bilen, ýurduň baýramçylyk seneleriniň sanawyna Gazak tazysynyň we tobetiniň güni girizildi. Mundan beýläk her ýylyň 3-nji sentýabrynda belleniljek bu sene milli gymmatlyklara goýulýan sarpanyň we gadymy it tohumlaryny gorap saklamaga bolan ünsüň nyşany hökmünde yglan edildi.

Bu baýramçylyk senesiniň saýlanyp alynmagy halkara derejesinde gazanylan üstünlik bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. 2024-nji ýylyň 3-nji sentýabrynda Halkara kinologiýa federasiýasy (FCI) gazak tazysyny özbaşdak tohum hökmünde deslapky ykrarnamany tassyklady. Şeýlelikde, Gazagystan bu tohumyň dünýä derejesindäki standartyny saklaýjy ýurt statusyna eýe boldy, bu bolsa milli kinologiýa üçin taryhy waka öwrüldi.

Tazy we tobet tohumlary gazak halkynyň maddy däl medeni mirasynyň aýrylmaz bölegidir. Tazy özi bir üýtgeşik awçy itleriniň görnüşi bolsa, tobet — merkezi Aziýanyň çopan itleriniň gadymy neslidir. Ýurduň Ekologiýa ministrligi bu täze baýramçylygyň döredilmeginiň ýaş nesillerde milli gymmatlyklara bolan söýgini oýarmaga we bu asylly jandarlaryň sanynyň artmagyna ýardam etjekdigini belleýär.

Täze başlangyç diňe bir medeni däl, eýsem ykdysady bähbitleri hem göz öňünde tutýar. Kinologiýa pudagynyň ösdürilmegi ýurtda täze iş orunlarynyň açylmagyna, hünärmenleriň kämilleşmegine we degişli pudaklardan gelýän girdejileriň artmagyna itergi berer. Baýramçylyk günlerinde itleriň bu görnüşlerine bagyşlanan halkara sergileriň, ylmy maslahatlaryň we düşündiriş işleriniň yzygiderli geçirilmegi meýilleşdirilýär.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

«Microsoft» kompaniýasy 60 müňe golaý işgärine öwez tölegi bilen meýletin işden çykmagy teklip etdi

Bugün 09:12

Çeşme

«Microsoft» korporasiýasy ABŞ-da, Kanadada, Beýik Britaniýada we Hindistanda zähmet çekýän 60 müň töweregi zähmetkeşine degişli öwez töleglerini tölemek şerti bilen işden meýletin gitmek maksatnamasyny hödürledi. «Business Insider» neşiriniň habar bermegine görä, bu teklip kompaniýanyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna we inženerçilik hünärmenlerine degişli bolman, meýletin gitmek isleýän beýleki işgärler dekabr aýynyň başyna çenli öz gutarnykly kararlaryny bildirmelidirler.

Bu başlangyç «Microsoft» kompaniýasynyň işgär sanyny kadalaşdyrmak hem-da meýilleşdirilmedik mejbury işden боşatmalaryň öňüni almak boýunça amala aşyrýan nobatdaky çäresidir. Häzirki wagtda emeli aň infrastrukturasyna we innowasion taslamalara uly möçberde maýa goýumlaryny ýöneltýän tehnologiýa ägirdi şol bir wagtyň özünde içki çykdajylary optimizirlemegi maksat edinýär. 2026-njy ýylyň iýun aýyndaky maglumatlara görä, kompaniýada 226 müň adam zähmet çekýärdi, diýmek, täze meýletin maksatnama işgärleriň dörtden bir bölegine golaýyny öz içine alýar.

Bellenilmeli z zat, 2026-njy ýylyň aprelinde hem «Microsoft» ABŞ-daky gullukçylaryna meýletin işden gitmek maksatnamasyny hödürläpdi. Şonda ýaşy bilen kompaniýadaky zähmet stajynyň jemi 70-den geçýän, takmynan, 9 müň işgär bu şertlere laýyk gelip, olaryň üçden bir bölegi berilen teklibi kabul edipdi.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌