Oýun sanawy

LE TRAVEL TURKMENISTAN — syýahatyňyz üçin iň ygtybarly ýoldaş

22 Dek. 07:50

Çeşme

LE TRAVEL TURKMENISTAN-a hoş geldiňiz! Bu kompaniýa Türkmenistany syýahat etmek isleýän her bir adama ýatdan çykmajak tejribeleri hödürleýär. Syýahatlaryňyz diňe bir rahat däl, eýsem milli mirasymyzy, taryhymyzy we tebigatyň täsinliklerini özünde jemleýän unudylmajak pursatlara öwrülýär.

 

Näme üçin LE TRAVEL TURKMENISTAN saýlanýar?

 

  • Tejribe: Köp ýyllaryň tejribesi bilen iň amatly we täsin syýahat ugurlary döredilýär.
  • Elýeterli bahalar: Hilden aýrylmazdan bäsdeşlikli nyrhlarda hyzmat.
  • Ýokary derejeli hyzmat: Her bir syýahatçy aýratyn üns bilen garalýar.
  • Özboluşly syýahatlar: Gadymy şäherler, taryhy ýadygärlikler, köpdürli tebigy gözellikler we milli medeniýet bilen tanyşdyrýan ýörite programmalar.

 

 

Hünärmenler topary

Tejribeli ýolbeletler, dolandyryjylar we syýahatçylyk hünärmenleri syýahatyňyz üçin sazlaşykly we ýokary derejeli hyzmat berýärler.

 

Syýahat ugurlary:

Gadymy Abiwerd galasy, Margiana, Merw, Dehistan, Seýit Jemaleddin metjidi, Nusaý, Köpetdag, Darwaza gaz krateri, Kow-Ata gowagy, Hojapil we Dinozawrlar platosy, Nohur we başga-da köp gözellikler.

 

LE TRAVEL TURKMENISTAN — Türkmenistanyň syýahatyny täze derejä çykarmagyň iň ygtybarly ýoluny hödürleýär.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Türkmen alabaýynyň baýramynda iki hünärmene «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly at dakyldy

26 Okt. 07:21

Çeşme

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow milli baýramçylyk bolan Türkmen alabaýynyň güni mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly ady dakmak baradaky degişli Permana gol çekdi. TDH habarlar gullugynyň habar bermegine görä, bu resminama milli itşynaslyk mekdebiniň köpasyrlyk däplerini saklamakda hem-de türkmen alabaýlarynyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda uly hyzmatlary bitiren zähmetkeşleri sarpalamaga gönükdirilendir.

Döwlet Baştutanymyzyň Permanyna laýyklykda, alabaý itlerini ylmy esasda saklamakda, köpeltmekde we olaryň tohum arassalygyny goramakda köp ýyllaryň dowamynda çeken halal hem-de göreldeli zähmeti göz öňünde tutulyp, iki raýata bu ýokary döwlet ady gowşuryldy. Şunlukda, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň Merkezi gulluk itlerini köpeldiş we kämilleşdiriş ýeriniň uly tehnigi Begmyrat Halwatjanow hem-de Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby bölüminiň it idedijisi Parahat Bäşimow bu mukaddes ada mynasyp görüldiler.

Ata-babalarymyzdan miras galan türkmen alabaýlary halkymyzyň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Häzirki wagtda ýurtda alabaýlaryň baş sanyny artdyrmak, olary halkara derejede wagyz etmek we harby hem-da hukuk goraýjy edaralarda gulluk itleri hökmünde netijeli ulanmak boýunça giň göwrümli döwlet maksatnamalary üstünlikli amala aşyrylýar.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌