Oýun sanawy


Türkmen-amerikan gatnaşyklarynda täze döwür: Milli Lideriň okean aňyrsyna sapary
17 Few. 06:07Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki zaman meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna ugrady. Bu sapar iki ýurduň arasyndaky özara bähbitli gatnaşyklaryň täze tapgyryna badalga berer diýlip garaşylýar. Häzirki wagtda Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky diplomatik baglanyşyklar deňhukuklylyk ýörelgeleri esasynda işjeň ösdürilýär.
Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinden ugran Milli Liderimiziň bu sapary döwletara gatnaşyklarynyň many-mazmunyny baýlaşdyrmaga gönükdirilendir. Taraplaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklar täze belentliklere çykarylyp, geljekki bilelikdäki taslamalar üçin giň mümkinçilikler açylýar.
Şeýle hem okanyň


Türkmenistanyň Daşary işler ministri GDA-nyň Baş sekretary bilen duşuşyk geçirdi
10 Sen. 12:42Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 111-nji mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedew bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň metbugat gullugy habar berýär.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar 2026-njy ýylda Türkmenistanyň Arkalaşykdaky başlyklygynyň ileri tutulýan ugurlaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmek hem-de GDA-nyň çäklerinde amaly hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini maslahatlaşdylar.
Duşuşykda 2026-njy ýylyň 7-nji we 9-njy oktýabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň we Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlislerine taýýarlyk hem-de olaryň guramaçylyk meselelerine aýratyn üns berildi.
Söhbetdeşligiň ahyrynda taraplar köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin bilelikdäki amaly işleri dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.
Şeýle hem okanyň