Oýun sanawy

Alymlar 500 ýyllyk ýadygärlikde adaty göze ilmeýän geň şekilleri tapdylar

18 Mart. 13:39

Çeşme

Barlagçylar Gwadulupaly Merýem enäniň şekili çekilen, kaktus süýüminden taýýarlanylan 500 ýyllyk täsin ýapynjada (tilmada) geň galdyryjy aýratynlygy ýüze çykardylar. «Daily Mail» neşiriniň habar bermegine görä, bu gadymy surat sanly ulgam arkaly ýokary derejede ulaldylanda, onuň içinde örän kiçijik 13 sany adamyň ýüz şekiliniň bardygy anyklandy. Bu tapyndy hem dindarlaryň, hem ylmy jemgyýetçiligiň arasynda uly gyzyklanma we gyzgalaňly çekişmeleri döretdi.

Tapylan bu sypatlar XVI asyryň adamlarynyň keşbini ýatladýar we olary adaty göz bilen görmek mümkin däl, diňe döwrebap tehnologiýalaryň kömegi bilen saýgaryp bolýar. Geçirilen seljermeler suratyň mata ýüzüne hiç hili öňünden çyzylan çyzgysyz ýa-da çotga yzlaryny galdyrmazdan geçirilendigini görkezdi. Bu bolsa şekiliň dörediliş usulynyň nusgawy nakgaşçylyk kadalaryndan düýpli tapawutlanýandygyny we onuň syrlylygyny has-da artdyrýandygyny subut edýär.

Agawa (kaktus) süýüminden dokalan bu matanyň bäş asyr bäri gaty gowy ýagdaýda saklanyp galmagy hem aýratyn geň galdyrýan ýagdaýdyr. Adatça mör-möjeklere we tozana durnuksyz bolan beýleki matalardan tapawutlylykda, bu ýadygärlik öz berkligini saklaýar. Asyrlaryň dowamynda millionlarça zyýaratçynyň elleriniň degmegine we dürli daşky täsirlerne garamazdan, suratyň reňkleri hiç hili solman, ilkibaşdaky durkuny saklap gelýär.

Merýem enäniň bu şekili 1751-nji ýyldan bäri yzygiderli öwrenilip gelinse-de, häzirki wagta çenli ylym onuň gelip çykyşyna anyk düşündiriş berip bilmedi. Şekili çekmekde ulanylan reňkleriň düzümi häzirki wagtda mälim bolan hiç bir tebigy ýa-da emeli boýaglara meňzemeýär. Käbirleri muny gudrat hasaplasa, başgalar sanly işlemekde ýüze çykýan aýratynlyklar diýip çaklaýarlar, emma ýadygärligiň syry heniz hem açylman galýar.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

«Microsoft» kompaniýasy 60 müňe golaý işgärine öwez tölegi bilen meýletin işden çykmagy teklip etdi

Bugün 09:12

Çeşme

«Microsoft» korporasiýasy ABŞ-da, Kanadada, Beýik Britaniýada we Hindistanda zähmet çekýän 60 müň töweregi zähmetkeşine degişli öwez töleglerini tölemek şerti bilen işden meýletin gitmek maksatnamasyny hödürledi. «Business Insider» neşiriniň habar bermegine görä, bu teklip kompaniýanyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna we inženerçilik hünärmenlerine degişli bolman, meýletin gitmek isleýän beýleki işgärler dekabr aýynyň başyna çenli öz gutarnykly kararlaryny bildirmelidirler.

Bu başlangyç «Microsoft» kompaniýasynyň işgär sanyny kadalaşdyrmak hem-da meýilleşdirilmedik mejbury işden боşatmalaryň öňüni almak boýunça amala aşyrýan nobatdaky çäresidir. Häzirki wagtda emeli aň infrastrukturasyna we innowasion taslamalara uly möçberde maýa goýumlaryny ýöneltýän tehnologiýa ägirdi şol bir wagtyň özünde içki çykdajylary optimizirlemegi maksat edinýär. 2026-njy ýylyň iýun aýyndaky maglumatlara görä, kompaniýada 226 müň adam zähmet çekýärdi, diýmek, täze meýletin maksatnama işgärleriň dörtden bir bölegine golaýyny öz içine alýar.

Bellenilmeli z zat, 2026-njy ýylyň aprelinde hem «Microsoft» ABŞ-daky gullukçylaryna meýletin işden gitmek maksatnamasyny hödürläpdi. Şonda ýaşy bilen kompaniýadaky zähmet stajynyň jemi 70-den geçýän, takmynan, 9 müň işgär bu şertlere laýyk gelip, olaryň üçden bir bölegi berilen teklibi kabul edipdi.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌