Oýun sanawy

ABŞ-nyň Hökümeti näbelli uçýan obýektler baradaky arhiwleri açmaga taýýarlanýar

01 Maý. 04:06

Çeşme

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Tramp ýurduň döwlet edaralarynyň näbelli uçýan obýektler (NUO) baradaky maglumatlary ýakyn wagtda köpçülige ýetirjekdigini mälim etdi. Ak tamda beren beýanatynda prezident hökümetde bar bolan resminamalaryň we wideogörünişleriň mümkin bolan iň uly böleginiň elýeterli ediljekdigini nygtady. Bu maglumatlaryň arasynda jemgyýet tarapyndan gaty uly gyzyklanma döretjek örän seýrek we geň galdyryjy materiallaryň bardygy bellenilýär.

Bu başlangyç Trampyň harby uçarmanlar bilen geçiren maslahatlaryndan soň has-da işjeňleşdi. Prezidentiň sözlerine görä, harby hünärmenler uçuş wagtynda gören we ynanar ýaly bolmadyk hadysalary barada jikme-jik maglumat beripdirler. Şol sebäpli hem döwlet ýolbaşçysy bu syrly hadysalaryň halkdan gizlenilmeli däldigi barada karara geldi. Bu çäre ABŞ-nyň häzirki administrasiýasynyň döwlet işlerindäki aýdyňlygy üpjün etmek strategiýasynyň bir bölegidir.

Şu ýylyň fewral aýynda prezident Ýerden daşarky ýaşaýyş görnüşleri we näbelli asman jisimleri baradaky resminamalaryň çap ediljekdigini wada beripdi. Ol bu mesele boýunça harby ministr Pit Hegsete we beýleki degişli ministrliklere ýörite görkezmeler berdi. Häzirki wagtda degişli edaralar köp ýyllap gizlinlikde saklanan maglumatlary jemgyýetçilik üçin taýýarlamak işleri bilen meşgullanýarlar.

Garaşylýan täze maglumatlar diňe bir taryhy hasabatlary däl, eýsem döwrebap tehnologiýalar arkaly hasaba alnan täze subutnamalary hem öz içine alyp biler. Hünärmenleriň pikirine görä, bu ädim ylmy jemgyýetçilik we dünýä taryhy üçin täze garaýyşlaryň döremegine sebäp bolup biler. Prezident Tramp bu baradaky materiallaryň gaty gyzykly boljakdygyny aýdyp, hemmeleriň bu habarlary okap biljekdigine söz berdi.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

«Microsoft» kompaniýasy 60 müňe golaý işgärine öwez tölegi bilen meýletin işden çykmagy teklip etdi

Bugün 09:12

Çeşme

«Microsoft» korporasiýasy ABŞ-da, Kanadada, Beýik Britaniýada we Hindistanda zähmet çekýän 60 müň töweregi zähmetkeşine degişli öwez töleglerini tölemek şerti bilen işden meýletin gitmek maksatnamasyny hödürledi. «Business Insider» neşiriniň habar bermegine görä, bu teklip kompaniýanyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna we inženerçilik hünärmenlerine degişli bolman, meýletin gitmek isleýän beýleki işgärler dekabr aýynyň başyna çenli öz gutarnykly kararlaryny bildirmelidirler.

Bu başlangyç «Microsoft» kompaniýasynyň işgär sanyny kadalaşdyrmak hem-da meýilleşdirilmedik mejbury işden боşatmalaryň öňüni almak boýunça amala aşyrýan nobatdaky çäresidir. Häzirki wagtda emeli aň infrastrukturasyna we innowasion taslamalara uly möçberde maýa goýumlaryny ýöneltýän tehnologiýa ägirdi şol bir wagtyň özünde içki çykdajylary optimizirlemegi maksat edinýär. 2026-njy ýylyň iýun aýyndaky maglumatlara görä, kompaniýada 226 müň adam zähmet çekýärdi, diýmek, täze meýletin maksatnama işgärleriň dörtden bir bölegine golaýyny öz içine alýar.

Bellenilmeli z zat, 2026-njy ýylyň aprelinde hem «Microsoft» ABŞ-daky gullukçylaryna meýletin işden gitmek maksatnamasyny hödürläpdi. Şonda ýaşy bilen kompaniýadaky zähmet stajynyň jemi 70-den geçýän, takmynan, 9 müň işgär bu şertlere laýyk gelip, olaryň üçden bir bölegi berilen teklibi kabul edipdi.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌