Oýun sanawy


Gyrgyzystan Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow öz çykyşlarynda ösüp gelýän ýaş nesil baradaky aladanyň döwletiň we jemgyýetiň iň mukaddes wezipeleriniň biridigini yzygiderli nygtaýar. Ýurt Baştutanynyň pikiriçe, häzirki döwürde kemala gelýän täze nesil düýbünden başgaça ykdysady we tehnologik şertlerde ýaşaýar, bu bolsa olara döwrebap bilim almaga giň mümkinçilikleri açýar. Döwlet tarapyndan çagalaryň bagtly geljegini üpjün etmek maksady bilen durmuş taslamalary yzygiderli durmuşa geçirilýär.
Milli statistika edaralarynyň durnukly maglumatlaryna görä, gyrgyz halky dünýäde iň ýaş ilatly döwletleriň biri bolup durýar. Häzirki wagtda ýurduň umumy ilatynyň 37 göterimini, ýagny 2,73 millionyny kämillik ýaşyna ýetmedik raýatlar düzýär we bu görkeziji ýylsaýyn yzygiderli ýokarlanýar. Diňe geçen ýylyň dowamynda çagalaryň sany 15 müň adama çenli köpeldi. Sebitler boýunça alanyňda bolsa Batken, Jelalabat, Oş, Talas we Naryn welaýatlarynda çagalaryň sany ýurt boýunça ortaça görkezijiden has ýokarydyr.
Ýaş aýratynlyklaryna görä, çagalaryň 38 göterimi 7 ýaşa çenli bolan kiçi ýaşlylara degişli bolsa, 46 göterimi 7-den 14 ýaş aralygyndaky çagalardyr, galan 16 göterimi bolsa ýetginjeklik döwrüni başdan geçirýän ýaşlardyr. Kämillik ýaşyna ýetmedikleriň agramly bölegi, ýagny sanyň 63 göterimi oba ýerlerinde ýaşaýar we terbiýelenýär. Bu ýagdaý oba ýerlerinde durmuş düzümlerini we bilim edaralaryny döwrebaplaşdyrmak wezipesini has-da aktullaşdyrýar.
Mekdebe çenli we orta bilim ulgamynda hem düýpli ösüşler bellenildi. Ýurtda 2 müňden gowrak çagalar bagy we 2,4 müň sany umumybilim berýän orta mekdep hasaba alnyp, olarda millionlarça okuwçy bilim alýar. Bilim edaralarynda häzirki wagtda çagalaryň 276 müňe golaýy mekdebe çenli terbiýeçilik edaralaryna gatnaýan bolsa, 1,6 million töweregi ýaşlar orta mekdeplerde döwrebap bilim alýarlar.
Şeýle hem okanyň


«Microsoft» kompaniýasy 60 müňe golaý işgärine öwez tölegi bilen meýletin işden çykmagy teklip etdi
Bugün 09:12«Microsoft» korporasiýasy ABŞ-da, Kanadada, Beýik Britaniýada we Hindistanda zähmet çekýän 60 müň töweregi zähmetkeşine degişli öwez töleglerini tölemek şerti bilen işden meýletin gitmek maksatnamasyny hödürledi. «Business Insider» neşiriniň habar bermegine görä, bu teklip kompaniýanyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna we inženerçilik hünärmenlerine degişli bolman, meýletin gitmek isleýän beýleki işgärler dekabr aýynyň başyna çenli öz gutarnykly kararlaryny bildirmelidirler.
Bu başlangyç «Microsoft» kompaniýasynyň işgär sanyny kadalaşdyrmak hem-da meýilleşdirilmedik mejbury işden боşatmalaryň öňüni almak boýunça amala aşyrýan nobatdaky çäresidir. Häzirki wagtda emeli aň infrastrukturasyna we innowasion taslamalara uly möçberde maýa goýumlaryny ýöneltýän tehnologiýa ägirdi şol bir wagtyň özünde içki çykdajylary optimizirlemegi maksat edinýär. 2026-njy ýylyň iýun aýyndaky maglumatlara görä, kompaniýada 226 müň adam zähmet çekýärdi, diýmek, täze meýletin maksatnama işgärleriň dörtden bir bölegine golaýyny öz içine alýar.
Bellenilmeli z zat, 2026-njy ýylyň aprelinde hem «Microsoft» ABŞ-daky gullukçylaryna meýletin işden gitmek maksatnamasyny hödürläpdi. Şonda ýaşy bilen kompaniýadaky zähmet stajynyň jemi 70-den geçýän, takmynan, 9 müň işgär bu şertlere laýyk gelip, olaryň üçden bir bölegi berilen teklibi kabul edipdi.