Oýun sanawy

Italiýada gladiatora degişli bolmagy mümkin bolan gadymy aramgäh tapyldy

26 Mart. 17:44

Çeşme

Italiýanyň günortasynda arheologlar gladiatorlaryň söweş pursatlary şekillendirilen täsin gadymy rim guburyny ýüze çykardylar. Alymlaryň çaklamalaryna görä, bu tapyndy biziň eýýamymyzyň I asyryna degişlidir. Taryhy ýadygärlik Apolloza munisipalitetiniň çäginde, meşhur Appiý ýolunyň golaýynda tötänleýin tapyldy. Sil joşgunyndan soňra ýeriň ýüzüne çykan hek daşlary bir meýletinçiniň ünsüni çekip, soňra bu ýerde giň gerimli gazuw-agtaryş işleriniň geçirilmegine sebäp boldy.

Geçirilen barlaglar netijesinde, tapylan bölekleriň ini 12 metr bolan tegelek binanyň galyndylarydygy anyklandy. Guburda söweşijileriň şekilleri çekilen 20-den gowrak daşyň tapylmagy arheologiýa ylmy üçin seýrek duş gelýän wakadyr. Şeýle hem, alymlar diwarlary dürli suratlar bilen bezelen ýerasty otagyň girelgesini tapdylar. Bu maglumatlar aramgähiň öz döwründe diýseň kaşaň we baý dizaýnda bolandygyny görkezýär.

Hünärmenleriň pikiriçe, guburda gladiator söweşleriniň şekillendirilmegi ýöne ýere däl. Bu bolsa şol ýerde jaýlanan adamyň jemgyýetdäki ýokary derejesinden ýa-da onuň ömür boýy meşgullanan hünäri, ýagny gladiatorlar bilen göni baglanyşykly bolanlygyndan habar berýär. Aramgähde jaýlanan şahsyýetiň anyk kimdigini anyklamak alymlar üçin indiki möhüm ädim bolar.

Häzirki wagtda tapyndynyň ähli bölekleri Benewento şäherine äkidildi. Ol ýerde ýöriteleşdirilen hünärmenler topary tarapyndan içgin barlaglar we dikeldiş işleri dowam etdirilýär. Bu tapyndy gadymy Rim medeniýetiniň we gladiatorçylyk taryhynyň täze sahypalaryny açmaga mümkinçilik berer.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Günorta afrikaly ýazyjy emeli aňyň kömegi bilen 370-den gowrak kitap neşir edip, 1 million dollar gazandy

24 Okt. 13:11

Çeşme

Koral Hart lakamy bilen tanalýan günorta afrikaly ýazyjy soňky 20 aýyň dowamynda emeli aň ulgamlarynyň kömegi bilen 371 sany kitaby ýazyp, neşir etmegi başardy. Yerli «EWN» radiosynyň habar bermegine görä, öň 14 ýyllap neşirýat ulgamynda zähmet çeken awtor 2025-nji ýylyň fewralynda emeli aň teknolojialaryny özleşdirip, gysga wagtyň içinde doly derejeli romanlary döretmäge mümkinçilik berýän hususy ulgamyny işläp düzdi. Ýazyjy her bir eseriň sýužetini, stiline hem-da каarakterlerini özi kesgitläp, emeli aňa meýilnama berýär, alnan garalama bolsa jemleýji tapgyrda awtor tarapyndan redaktirlenýär.

Täze romany döretmek üçin emeli aňa bary-ýogy 45 minut töweregi wagt gerek bolup, taýýar tekst iki gezek neýroulgamdan geçirildikden soň adam tarapyndan okalyp, neşire taýýarlanýar. Awtor öz kitaplarynyň 1 milliondan gowrak nusgasyny satmagy başardy we 2026-njy ýylda 1 million dollardan gowrak peýda gazandy. Ýazyjynyň emeli aň bilen bilelikde döreden söýgi romanlarynyň biri hatda «Amazon» platformasynyň iň geçginli 100 bestselleriniň hataryna girmegi başardy.

Häzirki wagtda Koral Hart öz eserlerini sanly, çap edilen we audio formatlarda okyjylara hödürleýär hem-da özüni täjirçilik edebiýatynda täze eýýamyň düýbüni tutujy hökmünde görkezýär. Şeýle hem ol emeli aňdan peýdalanmak ýoly bilen kitap ýazmak dyesinde beýleki awtorlar üçin «Authorythm» diýlip atlandyrylýan ýörite programma üpjünçiligini taýýarlaýar. Bu täsin tejribe edebiýat äleminde emeli aňyň amaly mümkinçilikleriniň täze sahypasyny açdy.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌