Oýun sanawy


Germaniýanyň kenarynda batyp galan Timmi atly kit açyk deňze ýol aldy
04 Maý. 09:52Germaniýanyň Baltika deňzi kenarlarynda mart aýyndan bäri ýalpaklyklara gabalyp, birnäçe gezek heläkçilige uçran 12 metrlik örküçli kit, ahyrynda Demirgazyk deňzine tarap ýüzüp gitdi. Timmi diýlip atlandyrylan bu äpet deňiz jandary, halas ediş topary tarapyndan baržada daşalýan wagty, garaşylmadyk ýagdaýda suwa böküp, özbaşdak hereket edip başlady. Bu waka, kitiň ykbaly baradaky köp sanly aladalardan soň, täze bir umydyň döremegine sebäp boldy.
Halas ediş amallary meýletinçileriň we deňiz biologlarynyň birnäçe hepdelik dyngyсыз tagallalarynyň netijesidir. 28-nji aprelde ýörite gämä ýüklenen kit, 2-nji maýda hünärmenleriň soňky barlaglaryna garaşman, baržadan suwa çümüp, açyk deňze tarap ugur aldy. Gözegçilik netijesinde kitiň demirgazyk-günbatar tarapa, ýagny Norwegiýanyň kenarlaryna we Arktika tarap gönükýändigi anyklandy.
Emma hünärmenleriň pikiriçe, ýagdaý entek doly durnukly däl. Deňiz biology Fabian Ritter kitiň uzak wagtlap ýalpak suwlarda galmagy sebäpli, onuň saglyk ýagdaýynyň gowşakdygyny we tebigy şertlerde iýmit tapmak ukybynyň sorag astyndadygyny belleýär. Şeýle hem, baržada daşalan wagty kitiň bedeninde emele gelen ýeňil şikesler we umumy ýadowlygy, onuň diri galmak mümkinçiligini peseldip biljek faktorlar hökmünde garalýar.
Haýwanlary goraýjy guramalaryň wekilleri Timminiň doly halas bolandygyny diňe ol Demirgazyk Atlantikanyň çuňluklaryna baryp, özbaşdak iýmitlenip başlanda tassyklap bolar diýip hasaplaýarlar. Häzirki wagtda kitiň ykbalyna dowamly gözegçilik edilýär we onuň tebigy gurşawa uýgunlaşmagyna garaşylýar. Bu waka, halkara jemgyýetçiliginiň we tebigat söýüjileriň ünsüni deňiz jandarlarynyň goralmagy meselesine ýene bir gezek çekdi.
Şeýle hem okanyň


«Microsoft» kompaniýasy 60 müňe golaý işgärine öwez tölegi bilen meýletin işden çykmagy teklip etdi
Bugün 09:12«Microsoft» korporasiýasy ABŞ-da, Kanadada, Beýik Britaniýada we Hindistanda zähmet çekýän 60 müň töweregi zähmetkeşine degişli öwez töleglerini tölemek şerti bilen işden meýletin gitmek maksatnamasyny hödürledi. «Business Insider» neşiriniň habar bermegine görä, bu teklip kompaniýanyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna we inženerçilik hünärmenlerine degişli bolman, meýletin gitmek isleýän beýleki işgärler dekabr aýynyň başyna çenli öz gutarnykly kararlaryny bildirmelidirler.
Bu başlangyç «Microsoft» kompaniýasynyň işgär sanyny kadalaşdyrmak hem-da meýilleşdirilmedik mejbury işden боşatmalaryň öňüni almak boýunça amala aşyrýan nobatdaky çäresidir. Häzirki wagtda emeli aň infrastrukturasyna we innowasion taslamalara uly möçberde maýa goýumlaryny ýöneltýän tehnologiýa ägirdi şol bir wagtyň özünde içki çykdajylary optimizirlemegi maksat edinýär. 2026-njy ýylyň iýun aýyndaky maglumatlara görä, kompaniýada 226 müň adam zähmet çekýärdi, diýmek, täze meýletin maksatnama işgärleriň dörtden bir bölegine golaýyny öz içine alýar.
Bellenilmeli z zat, 2026-njy ýylyň aprelinde hem «Microsoft» ABŞ-daky gullukçylaryna meýletin işden gitmek maksatnamasyny hödürläpdi. Şonda ýaşy bilen kompaniýadaky zähmet stajynyň jemi 70-den geçýän, takmynan, 9 müň işgär bu şertlere laýyk gelip, olaryň üçden bir bölegi berilen teklibi kabul edipdi.