Oýun sanawy


Günorta Aziýada we Demirgazyk Amerikada tebigy hadysalar adam pidalaryna getirdi
29 Aprel. 14:31Bangladeşiň dürli sebitlerinde dörän güýçli ýyldyrym çakmalary netijesinde köp sanly adam heläk boldy. Soňky maglumatlara görä, tebigy harasatyň dörän wagtynda azyndan 14 sany ýerli ýaşaýjy durmuşyny ýitirdi, birnäçesi bolsa dürli derejeli şikesler bilen hassahanalara ýerleşdirildi. Wakalaryň ählisi diýen ýaly oba hojalyk işleri alnyp barylýan açyk meýdanlarda hasaba alyndy.
Şol bir wagtyň özünde, ABŞ-nyň Tehas ştatynda dörän güýçli tupan we tüweleý hem uly weýrançylyklara sebäp boldy. Tebigy hadysanyň netijesinde iki adam gurban boldy. Ýerli häkimiýetleriň habar bermegine görä, tüweleýiň güýji infrastruktura desgalaryna, ýaşaýyş jaýlaryna we elektrik ulgamlaryna düýpli zeper ýetirdi.
Tupanly şemalyň tizligi sagatda 200 kilometre çenli ýetip, uly meýdanlary derbi-dagyn etdi. Deslapky maglumatlara görä, ýüzlerçe binalar zyýan çekdi, olaryň ýigrimiden gowragy dolylygyna ýykyldy. Şeýle hem, on müňlerçe hojalygyň elektrik üpjünçiligi kesildi we häzirki wagtda dikeldiş işleri alnyp barylýar.
Hünärmenler sebitlerde howanyň durnuksyzlygy sebäpli ýaşaýjylary ätiýaçlyk çärelerini görmäge çagyrýarlar. Tebigy betbagtçylyklaryň ýygy-ýygydan gaýtalanmagy we olaryň weýrançylykly täsirleri dünýäde howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly töwekgelçilikleriň artýandygyny görkezýär. Ýerli halas ediş gulluklary adatdan daşary ýagdaý düzgüninde işlerini dowam etdirýärler.
Şeýle hem okanyň


Günorta afrikaly ýazyjy emeli aňyň kömegi bilen 370-den gowrak kitap neşir edip, 1 million dollar gazandy
24 Okt. 13:11Koral Hart lakamy bilen tanalýan günorta afrikaly ýazyjy soňky 20 aýyň dowamynda emeli aň ulgamlarynyň kömegi bilen 371 sany kitaby ýazyp, neşir etmegi başardy. Yerli «EWN» radiosynyň habar bermegine görä, öň 14 ýyllap neşirýat ulgamynda zähmet çeken awtor 2025-nji ýylyň fewralynda emeli aň teknolojialaryny özleşdirip, gysga wagtyň içinde doly derejeli romanlary döretmäge mümkinçilik berýän hususy ulgamyny işläp düzdi. Ýazyjy her bir eseriň sýužetini, stiline hem-da каarakterlerini özi kesgitläp, emeli aňa meýilnama berýär, alnan garalama bolsa jemleýji tapgyrda awtor tarapyndan redaktirlenýär.
Täze romany döretmek üçin emeli aňa bary-ýogy 45 minut töweregi wagt gerek bolup, taýýar tekst iki gezek neýroulgamdan geçirildikden soň adam tarapyndan okalyp, neşire taýýarlanýar. Awtor öz kitaplarynyň 1 milliondan gowrak nusgasyny satmagy başardy we 2026-njy ýylda 1 million dollardan gowrak peýda gazandy. Ýazyjynyň emeli aň bilen bilelikde döreden söýgi romanlarynyň biri hatda «Amazon» platformasynyň iň geçginli 100 bestselleriniň hataryna girmegi başardy.
Häzirki wagtda Koral Hart öz eserlerini sanly, çap edilen we audio formatlarda okyjylara hödürleýär hem-da özüni täjirçilik edebiýatynda täze eýýamyň düýbüni tutujy hökmünde görkezýär. Şeýle hem ol emeli aňdan peýdalanmak ýoly bilen kitap ýazmak dyesinde beýleki awtorlar üçin «Authorythm» diýlip atlandyrylýan ýörite programma üpjünçiligini taýýarlaýar. Bu täsin tejribe edebiýat äleminde emeli aňyň amaly mümkinçilikleriniň täze sahypasyny açdy.