Oýun sanawy

Fransiýada «Arhimediň palimpsestiniň» ýiten sahypasy tapyldy

16 Mart. 11:41

Çeşme

Fransiýaly barlagçy Wiktor Gisemberg Blua şäheriniň muzeýinde saklanýan golýazmalaryň arasyndan «Arhimediň palimpsestiniň» 123-nji sahypasyny tapdy. Fransiýanyň Milli ylmy barlaglar merkezi (CNRS) tarapyndan tassyklanan bu tapyndy ylmy jemgyýetçilik üçin uly ähmiýete eýedir. Bu sahypa köp ýyllaryň dowamynda başga iki sahypa bilen bilelikde ýiten hasaplanýardy we ol Arhimediň «Sfera we silindr barada» atly möhüm traktatynyň bir bölegini öz içine alýar.

«Arhimediň palimpsesti» X asyrda Wizantiýada ýazylyp, orta asyrlarda pergamenti täzeden ulanmak üçin içindäki ýazgylar bölekleýin öçürilipdir. Onda gadymy grek alymy Arhimediň beýleki çeşmelerde saklanyp galmadyk birnäçe ylmy işleri ýerleşdirilipdir. Golýazma taryhyň dowamynda Ierusalim we Konstantinopol ýaly şäherlerde saklanyp gelipdir.

1906-njy ýylda daniýaly alym Ýohan Lýudwig Heýberg golýazmanyň sahypalaryny surata düşürip, mazmunyny resmileşdiripdir. Häzirki wagtda bu suratlar Daniýanyň Patyşa kitaphanasynda saklanýar. Wiktor Gisemberg tapylan täze sahypany Heýbergiň şol suratlary bilen deňeşdirip, onuň hakyky «Arhimediň palimpsestine» degişlidigini subut etdi.

Sahypanyň bir tarapynda doga tekstiniň aşagynda geometrik şekiller we traktatyň bölekleri görünýär. Ýöne suratyň aşagyndaky ýazgylary okamak we doly derňemek üçin heniz köp işleriň edilmegine garaşylýar. Häzirki wagtda bu taryhy golýazmanyň esasy bölegi ABŞ-nyň Baltimor şäherindäki Wolters muzeýinde goralýar.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

«Microsoft» kompaniýasy 60 müňe golaý işgärine öwez tölegi bilen meýletin işden çykmagy teklip etdi

Bugün 09:12

Çeşme

«Microsoft» korporasiýasy ABŞ-da, Kanadada, Beýik Britaniýada we Hindistanda zähmet çekýän 60 müň töweregi zähmetkeşine degişli öwez töleglerini tölemek şerti bilen işden meýletin gitmek maksatnamasyny hödürledi. «Business Insider» neşiriniň habar bermegine görä, bu teklip kompaniýanyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna we inženerçilik hünärmenlerine degişli bolman, meýletin gitmek isleýän beýleki işgärler dekabr aýynyň başyna çenli öz gutarnykly kararlaryny bildirmelidirler.

Bu başlangyç «Microsoft» kompaniýasynyň işgär sanyny kadalaşdyrmak hem-da meýilleşdirilmedik mejbury işden боşatmalaryň öňüni almak boýunça amala aşyrýan nobatdaky çäresidir. Häzirki wagtda emeli aň infrastrukturasyna we innowasion taslamalara uly möçberde maýa goýumlaryny ýöneltýän tehnologiýa ägirdi şol bir wagtyň özünde içki çykdajylary optimizirlemegi maksat edinýär. 2026-njy ýylyň iýun aýyndaky maglumatlara görä, kompaniýada 226 müň adam zähmet çekýärdi, diýmek, täze meýletin maksatnama işgärleriň dörtden bir bölegine golaýyny öz içine alýar.

Bellenilmeli z zat, 2026-njy ýylyň aprelinde hem «Microsoft» ABŞ-daky gullukçylaryna meýletin işden gitmek maksatnamasyny hödürläpdi. Şonda ýaşy bilen kompaniýadaky zähmet stajynyň jemi 70-den geçýän, takmynan, 9 müň işgär bu şertlere laýyk gelip, olaryň üçden bir bölegi berilen teklibi kabul edipdi.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌