Oýun sanawy

Özbegistan bilen Täjigistanyň arasynda täze ýolagçy gatnawy açyldy

27 Few. 08:56

Çeşme

Daşkent we Duşenbe şäherleriniň arasynda yzygiderli gatnajak halkara awtobus ulgamy işe girizildi. Täze ugur boýunça ilkinji ýolagçylar Täjigistanyň paýtagtynda dabaraly ýagdaýda, milli sazlar bilen garşylandy. Iki döwletiň baştutanlarynyň goldawy bilen amala aşyrylýan bu taslama, goňşy halklaryň özara gatnaşyklaryny täze basgançaga çykarmagy maksat edinýär. Ýolagçylaryň rahatlygy üçin niýetlenen döwrebap awtobuslar 14 sagatlyk ýoly ýeňilleşdirýän ähli şertler bilen üpjün edilendir.

Gatnawyň bahasy 250 somoni (takmynan 2 müň rus rubly) bolup, syýahatçylardan daşary ýurt pasportynyň bolmagy talap edilýär. Hünärmenleriň bellemegine görä, geljekde bu ugur boýunça gatnawlaryň sanynyň artdyrylmagyna garaşylýar. Häzirki wagtda awtobuslar hepdede iki gezek gatnap, iki ýurduň raýatlary üçin iň amatly we elýeterli ulag serişdesi bolup hyzmat eder.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

«Microsoft» kompaniýasy 60 müňe golaý işgärine öwez tölegi bilen meýletin işden çykmagy teklip etdi

Bugün 09:12

Çeşme

«Microsoft» korporasiýasy ABŞ-da, Kanadada, Beýik Britaniýada we Hindistanda zähmet çekýän 60 müň töweregi zähmetkeşine degişli öwez töleglerini tölemek şerti bilen işden meýletin gitmek maksatnamasyny hödürledi. «Business Insider» neşiriniň habar bermegine görä, bu teklip kompaniýanyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna we inženerçilik hünärmenlerine degişli bolman, meýletin gitmek isleýän beýleki işgärler dekabr aýynyň başyna çenli öz gutarnykly kararlaryny bildirmelidirler.

Bu başlangyç «Microsoft» kompaniýasynyň işgär sanyny kadalaşdyrmak hem-da meýilleşdirilmedik mejbury işden боşatmalaryň öňüni almak boýunça amala aşyrýan nobatdaky çäresidir. Häzirki wagtda emeli aň infrastrukturasyna we innowasion taslamalara uly möçberde maýa goýumlaryny ýöneltýän tehnologiýa ägirdi şol bir wagtyň özünde içki çykdajylary optimizirlemegi maksat edinýär. 2026-njy ýylyň iýun aýyndaky maglumatlara görä, kompaniýada 226 müň adam zähmet çekýärdi, diýmek, täze meýletin maksatnama işgärleriň dörtden bir bölegine golaýyny öz içine alýar.

Bellenilmeli z zat, 2026-njy ýylyň aprelinde hem «Microsoft» ABŞ-daky gullukçylaryna meýletin işden gitmek maksatnamasyny hödürläpdi. Şonda ýaşy bilen kompaniýadaky zähmet stajynyň jemi 70-den geçýän, takmynan, 9 müň işgär bu şertlere laýyk gelip, olaryň üçden bir bölegi berilen teklibi kabul edipdi.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌