Oýun sanawy

Alymlar «çagalyk amneziýasynyň» syrlaryny we sebäplerini düşündirdiler

04 Maý. 05:44

Çeşme

Uly adamlaryň köpüsi öz ömrüniň ilkinji üç ýylyny ýatlap bilmeýärler, alty ýaşyna çenli bolan wakalar bolsa diňe bölek-bölek görnüşde aňda saklanýar. Ylymda «çagalyk amneziýasy» diýlip atlandyrylýan bu ýagdaý, çagalaryň maglumatlary ýatda saklap bilmeýändigi bilen däl-de, eýsem beýniniň ösüş aýratynlyklary bilen düşündirilýär. Barlaglar bäbekleriň beýnisiniň maglumatlary işjeň hasaba alýandygyny, emma ýaş ulaldygyça şol faýllaryň okalyp bilinmeýän formatlara öwrülýändigini görkezýär.

Ýatlamalaryň ýitip gitmegi belli bir ýaş döwürlerinde has güýçli ýüze çykýar. Geçirilen synaglar 5–7 ýaşly çagalaryň irki ýatlamalarynyň 60%-ini saklaýandygyny, emma 8–9 ýaşda bu görkezijiniň birden 40%-e çenli düşýändigini anyklady. Bu döwürde beýni öz arhiwlerini täzeden gurup, köne we «şekilsiz» maglumatlary täze, has düşnükli maglumatlar bilen çalyşýar. Bu bolsa beýniniň täze öwreniş amallaryna taýýarlanýandygynyň subutnamasydyr.

Biologik taýdan seredilende, amneziýanyň esasy sebäbi gippokampdaky täze neýronlaryň örän çalt emele gelmegidir. Neýrogenez diýlip atlandyrylýan bu proses köne baglanyşyklaryň üstünden täzelerini ýazyp, öňki maglumatlary pozýar. Şeýle-de, mikrogliýa öýjükleri beýnide özboluşly «arassalaýyş» işlerini geçirip, artykmaç neýron zynjyrlaryny aýyrýarlar. Bu tebigy «gurluşyk» işleri tamamlanýança, irki döwrüň ýatlamalary kem-kemden öçürilýär.

Şeýle-de, uzak möhletli ýadyň kemala gelmegi diliň ösüşi we ene-atalaryň täsiri bilen aýrylmaz baglydyr. Wakalar dilden beýan edilip, gürrüň görnüşine geçirilende, beýni olary has berk we durnukly saklaýar. Netijede, çagalyk amneziýasy beýniniň kognitiw resurslaryny boşatmak we adamy uly durmuşyň has çylşyrymly maglumatlaryna uýgunlaşdyrmak üçin zerur bolan biologik amaldyr.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

«Microsoft» kompaniýasy 60 müňe golaý işgärine öwez tölegi bilen meýletin işden çykmagy teklip etdi

Bugün 09:12

Çeşme

«Microsoft» korporasiýasy ABŞ-da, Kanadada, Beýik Britaniýada we Hindistanda zähmet çekýän 60 müň töweregi zähmetkeşine degişli öwez töleglerini tölemek şerti bilen işden meýletin gitmek maksatnamasyny hödürledi. «Business Insider» neşiriniň habar bermegine görä, bu teklip kompaniýanyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna we inženerçilik hünärmenlerine degişli bolman, meýletin gitmek isleýän beýleki işgärler dekabr aýynyň başyna çenli öz gutarnykly kararlaryny bildirmelidirler.

Bu başlangyç «Microsoft» kompaniýasynyň işgär sanyny kadalaşdyrmak hem-da meýilleşdirilmedik mejbury işden боşatmalaryň öňüni almak boýunça amala aşyrýan nobatdaky çäresidir. Häzirki wagtda emeli aň infrastrukturasyna we innowasion taslamalara uly möçberde maýa goýumlaryny ýöneltýän tehnologiýa ägirdi şol bir wagtyň özünde içki çykdajylary optimizirlemegi maksat edinýär. 2026-njy ýylyň iýun aýyndaky maglumatlara görä, kompaniýada 226 müň adam zähmet çekýärdi, diýmek, täze meýletin maksatnama işgärleriň dörtden bir bölegine golaýyny öz içine alýar.

Bellenilmeli z zat, 2026-njy ýylyň aprelinde hem «Microsoft» ABŞ-daky gullukçylaryna meýletin işden gitmek maksatnamasyny hödürläpdi. Şonda ýaşy bilen kompaniýadaky zähmet stajynyň jemi 70-den geçýän, takmynan, 9 müň işgär bu şertlere laýyk gelip, olaryň üçden bir bölegi berilen teklibi kabul edipdi.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌