Oýun sanawy

Time žurnaly 2025-nji ýylyň iň täsirli 300 oýlap tapyşyny mälim etdi

17 Okt. 13:01

Çeşme

Meşhur Time žurnaly ýyllyk “Ýylyň iň gowy oýlap tapyşlary – 2025” sanawyny yglan etdi. Bu gezek sanawa girizilen innowasiýalaryň sany rekord derejä ýetip, 300-e bardy. Bu sanawa dünýäniň dürli künjeklerinden tehnologiýa, saglyk, dizaýn we beýleki ugurlar boýunça özgerdiji täzelikler girizildi.

Sanawyň giňeldilmegi häzirki wagtda täze pikirleriň we tehnologiýalaryň ösüşiniň çalt depginde dowam edýändigini görkezýär. Innowasiýalar Time-yň dünýä ýurtlarynda ýerleşýän habarçylarynyň we redaktorlarynyň teklipleri esasynda saýlanyldy. Bahalandyrmakda täzeligiň täsiri, peýdasy we geljekdäki mümkinçilikleri göz öňünde tutuldy.

Sanawa giren oýlap tapyşlar birnäçe kategoriýalara bölünýär:

  • Robot tehnikasy (täze nesil humanoid robotlar),

  • Emeli intellekt we sanly hyzmatlar,

  • Saglyk, gözellik we dizaýn,

  • Oba hojalygy we iýmit tehnologiýalary.

2025-nji ýylyň iň täsirli täzelikleriniň arasynda bukulýan proýektor, ýylylyk berýän krossowkalar, akylly howpsuzlyk kemeri we infragyzyl saç guradyjy ýaly enjamlary görkezmek bolar. Bu tehnologiýalar gündelik durmuşyň aýrylmaz bölegine öwrülýär.

Time žurnaly mundan öňki ýyllarda-da giň seslenme döreden täzelikleri — uçýan awtoulaglary, aç-açan noutbuklary we Las Wegasdaky MSG Sphere amfiteatryny öz sanawyna girizipdi.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

«Microsoft» kompaniýasy 60 müňe golaý işgärine öwez tölegi bilen meýletin işden çykmagy teklip etdi

Bugün 09:12

Çeşme

«Microsoft» korporasiýasy ABŞ-da, Kanadada, Beýik Britaniýada we Hindistanda zähmet çekýän 60 müň töweregi zähmetkeşine degişli öwez töleglerini tölemek şerti bilen işden meýletin gitmek maksatnamasyny hödürledi. «Business Insider» neşiriniň habar bermegine görä, bu teklip kompaniýanyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna we inženerçilik hünärmenlerine degişli bolman, meýletin gitmek isleýän beýleki işgärler dekabr aýynyň başyna çenli öz gutarnykly kararlaryny bildirmelidirler.

Bu başlangyç «Microsoft» kompaniýasynyň işgär sanyny kadalaşdyrmak hem-da meýilleşdirilmedik mejbury işden боşatmalaryň öňüni almak boýunça amala aşyrýan nobatdaky çäresidir. Häzirki wagtda emeli aň infrastrukturasyna we innowasion taslamalara uly möçberde maýa goýumlaryny ýöneltýän tehnologiýa ägirdi şol bir wagtyň özünde içki çykdajylary optimizirlemegi maksat edinýär. 2026-njy ýylyň iýun aýyndaky maglumatlara görä, kompaniýada 226 müň adam zähmet çekýärdi, diýmek, täze meýletin maksatnama işgärleriň dörtden bir bölegine golaýyny öz içine alýar.

Bellenilmeli z zat, 2026-njy ýylyň aprelinde hem «Microsoft» ABŞ-daky gullukçylaryna meýletin işden gitmek maksatnamasyny hödürläpdi. Şonda ýaşy bilen kompaniýadaky zähmet stajynyň jemi 70-den geçýän, takmynan, 9 müň işgär bu şertlere laýyk gelip, olaryň üçden bir bölegi berilen teklibi kabul edipdi.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌