Oýun sanawy


Türkmenistanda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Haýyr-sahawat gaznasynyň resmi web-saýty açyldy
08 Ýan. 11:55Türkmenistanda howandarlyga mätäç çagalara kömek bermäge gönükdirilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Haýyr-sahawat gaznasynyň resmi web-saýty — hemayat.gov.tm — işe girizildi. Täze platforma Gaznanyň işini Türkmenistanyň raýatlary we daşary ýurt hyzmatdaşlary üçin açyk, düşnükli hem-de elýeterli etmek maksady bilen döredildi.
Saýtda Türkmenistanyň çäginde alnyp barylýan haýyr-sahawat işleriniň ugurlary, gaznanyň maksady, gündelik täzelikler, foto we wideo materiallar, peýdaly maglumatlar hem-de habarlaşyk mümkinçilikleri ýerleşdirildi. Bu platforma jemgyýetçilik we halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge hyzmat edýär.
Gazna 2021-nji ýylyň mart aýynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen döredildi. Guramanyň esasy wezipesi — ene-atalaryň howandarlygyndan mahrum bolan çagalary goldamak, çylşyrymly lukmançylyk bejergilerini maliýeleşdirmek, saglygy dikeldiş çärelerini geçirmek, durmuşda öz ornuny tapmaga ýardam bermek we çagalaryň hukuklaryny goramak boýunça halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekdir.
Soňky ýyllarda gazna ýüzlerçe çagalara kömek berip, 700-den gowrak hirurgiki operasiýanyň we dikeldiş maksatnamalarynyň çykdajylaryny üpjün etdi. Türkmenistanda hem-de daşary ýurtlarda onlarça haýyr-sahawat taslamasy amala aşyryldy. Gazna «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda şahamça açdy, ÝUNISEF bilen hyzmatdaşlyk edýär we halkara gatnaşyklaryny yzygiderli giňeldýär.
Gaznanyň goldawy bilen Türkmenistanyň dürli künjeklerindäki çagalar hassahanalary döwrebap tiz kömek awtoulaglary, gemodializ enjamlary we ýöriteleşdirilen lukmançylyk tehnikalary bilen üpjün edilýär. Gaznanyň howandarlygynda Arkadag şäherindäki Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezi, şeýle hem Aşgabatda we sebitlerde ýerleşýän degişli edaralar hereket edýär.
Şeýle hem okanyň


Türkmen alabaýynyň baýramynda iki hünärmene «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly at dakyldy
26 Okt. 07:21Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow milli baýramçylyk bolan Türkmen alabaýynyň güni mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly ady dakmak baradaky degişli Permana gol çekdi. TDH habarlar gullugynyň habar bermegine görä, bu resminama milli itşynaslyk mekdebiniň köpasyrlyk däplerini saklamakda hem-de türkmen alabaýlarynyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda uly hyzmatlary bitiren zähmetkeşleri sarpalamaga gönükdirilendir.
Döwlet Baştutanymyzyň Permanyna laýyklykda, alabaý itlerini ylmy esasda saklamakda, köpeltmekde we olaryň tohum arassalygyny goramakda köp ýyllaryň dowamynda çeken halal hem-de göreldeli zähmeti göz öňünde tutulyp, iki raýata bu ýokary döwlet ady gowşuryldy. Şunlukda, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň Merkezi gulluk itlerini köpeldiş we kämilleşdiriş ýeriniň uly tehnigi Begmyrat Halwatjanow hem-de Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby bölüminiň it idedijisi Parahat Bäşimow bu mukaddes ada mynasyp görüldiler.
Ata-babalarymyzdan miras galan türkmen alabaýlary halkymyzyň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Häzirki wagtda ýurtda alabaýlaryň baş sanyny artdyrmak, olary halkara derejede wagyz etmek we harby hem-da hukuk goraýjy edaralarda gulluk itleri hökmünde netijeli ulanmak boýunça giň göwrümli döwlet maksatnamalary üstünlikli amala aşyrylýar.
Şeýle hem okanyň