Oýun sanawy
Türkmenistan: Abdylla Babaýew Fight Nights 134 ýaryşynda nobatdaky söweşine çykar
06 Few. 10:01Garyşyk söweş sungaty boýunça Türkmenistan döwletiniň wekili Abdylla Babaýew 20-nji fewralda nobatdaky professional tutluşygyny geçirer. Ol Russiýanyň Soçi şäherinde geçiriljek Fight Nights 134 ýaryşynyň çäklerinde ýeňil agram derejesinde russiýaly Inal Hasbulatow bilen güýç synanyşar.
Abdylla Babaýew Türkmenistanda tanalýan we halkara derejede uly abraýa eýe bolan türgenleriň biridir. Ol söweş sambosy boýunça halkara derejeli sport ussady, Dünýä kubogynyň üç gezek ýeňijisi, pankration boýunça dünýä hem-de Aziýa çempionydyr. MMA boýunça bolsa ol yzygiderli bäş ýeňiş gazanyp, olaryň hemmesini möhletinden öň tamamlamagy başardy.
Türkmen türgeniniň iň soňky söweşi 2025-nji ýylyň noýabrynda geçirilen Sokol 2 ýaryşynda boldy. Şol tutluşykda Abdylla Babaýew Faýza Gulonowy ýeňdi. Ondan öň hem ol Türkmenistanyň adyndan çykyş edip, Gabib Guseýnowy, Anwar Magomaýewi, Mahdi Frahanini we Abdulaziz Ýuldaşewi ýeňlişe sezewar etdi.
Abdylla Babaýewiň garşydaşy Inal Hasbulatowyň professional hasabynda sekiz ýeňiş we iki ýeňliş bar. Ýaryşyň göni ýaýlymy «Udar» teleýaýlymy arkaly görkeziler. Tutluşygyň başlanjak wagty — Aşgabat wagty bilen sagat 20:00.
Şeýle hem okanyň


Türkmenistanyň U15 futbol ýygyndysy Bakuda geçirilýän FIFA festiwalynda ilkinji ýeňişlerini gazandy
Bugün 06:20Türkmenistanyň 15 ýaşa çenli (U15) ýetginjekler ýygyndysy Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherinde geçirilýän FIFA-nyň bütindünýä festiwalynda we dünýä çempionatynda üstünlikli çykyş edýär. Ýurdumyzyň ýetginjek futbolçylary L toparçada Gonkongyň ýygyndysyny 2:1 hasabynda hem-de Kuk adalarynyň toparyny 3:1 hasabynda ýeňmegi başardylar. Toparyň düzüminde Artýom Çernow 3 gol geçirip, iň netijeli hüjümçi boldy. Şeýle hem Guwanç Artykow, Serdar Agaýew we Zehnetdin Şarafatdinow hersi bir gezek tapawutlandylar.
Geçirilen duşuşyklarda türkmen futbolçylary Italiýanyň (1:5) we Kataryň (0:4) güýçli ýygyndylaryna ýeňilen hem bolsalar, geçiren 4 oýnundan soň 6 utuk toplap, toparçada üçünji orny eýelediler. Deslapky Tapgyryň soňky duşuşygyny milli ýygyndymyz 26-njy oktýabrda Beniniň toparçasy bilen geçirýär. Bakuwdaky bäsleşige baş tälimçi Aziz Kambarowyň we onuň kömekçisi Dawid Sarkisowyň ýolbaşçylygynda ham-da kapitan Şamyrat Namraýewiň serdarlygynda jemi 14 sany ýaş futbolçy ugradyldy.
Halkara ýaryşyň düzgünlerine laýyklykda, oýunlar kiçeldilen meýdançalarda 8×8 görnüşinde amala aşyrylyp, duşuşyklar 20 minutlyk iki taýmdan ybaratdyr. Deslapky tapgyrdan soň toparlar eýelän orunlaryna görä pleý-off diwizionlaryna бölünýärler we ýaryşyň dowamynda her bir ýygyndy jemi 10 oýun geçirer. Bu halkara turnir Türkmenistanyň ýaş futbolçylary üçin uly halkara tejribe we amaly mekdep öwrülýär.
Şeýle hem okanyň