Oýun sanawy

Wenesiýa halkara kino festiwaly Jorj Klunä ömürlik gazananlary üçin «Altyn Arslan» baýragyny gowşurar

08 Iýul. 08:13

Çeşme

Wenesiýa halkara kino festiwalynyň guramaçylary amerikan aktýory, režissýory we prodýuseri Jorj Klunä dünýä kinematografiýasyna goşan uly goşandy üçin hormat nyşany bolan «Altyn Arslan» baýragynyň beriljekdigini resmi taýdan yglan etdiler.

Festiwalyň direktory Alberto Barbera tarapyndan yglan edilen bu çözgüt, döredijilik ýolunyň dowamynda gysga keşpleri ýerine ýetirýän aktýordan dünýäniň iň täsirli kino işgärleriniň birine öwrülen Kluniniň ajaýyp döredijilik ýoluna berlen ýokary baha hökmünde kabul edilýär.

Alberto Barbera Klunini köpugurly sungat ussady hökmünde häsiýetlendirdi. Onuň bellemegine görä, aktýoryň hünär ýoly yzygiderli ussatlygyň we döredijilik dogruçyllygynyň nusgasydyr. Festiwalyň ýolbaşçylygy bu baýragyň diňe bir Kluniniň aktýorlyk ussatlygyny däl, eýsem onuň režissýorlyk we prodýuserlik işiniň häzirki zaman garaşsyz hem-de studiýa kinosynyň ösmegine goşan uly goşandyny hem nygtaýandygyny belledi.

Jorj Kluni bu habary özüne mahsus degişme bilen garşy alyp, Wenesiýanyň kino dünýäsindäki ornunyň özüniň döredijilik durmuşynda aýratyn ähmiýete eýedigini aýtdy.

Kluni üçin Wenesiýa dünýä we amerikan kino sungatynyň arasyndaky döredijilik dialogynyň iň möhüm meýdançalarynyň biri bolup galýar. Baýragyň gowşurylyş dabarasy sentýabr aýynda geçiriljek festiwalyň çäklerinde bolar. Bu halkara çäre her ýyl dünýäniň dürli ýurtlaryndan kino işgärlerini bir ýere jemläp, medeni alyş-çalşy ösdürmäge hem-de häzirki zaman kino sungatynyň iň öňdebaryjy eserlerini görkezmäge mümkinçilik döredýär.

Hünärmenleriň pikiriçe, Jorj Kluniniň üstünlik ýoly zehiniň, kärine wepalylygyň hem-de özüne tankydy göz bilen seredip bilmegiň uzak ýyllaryň dowamynda döredijilik ähmiýetini saklamaga ýardam berýändiginiň aýdyň mysalydyr. «Altyn Arslan» baýragynyň gowşurylmagy Kluniniň dünýä kinematografiýasynyň ilçileriniň biri hökmünde eýeleýän abraýyny ýene-de bir gezek tassyklaýar. Onuň eserleri medeni araçäklerden geçip, dünýäniň millionlarça tomaşaçysynyň ýüregine ýol tapýar.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Günorta afrikaly ýazyjy emeli aňyň kömegi bilen 370-den gowrak kitap neşir edip, 1 million dollar gazandy

24 Okt. 13:11

Çeşme

Koral Hart lakamy bilen tanalýan günorta afrikaly ýazyjy soňky 20 aýyň dowamynda emeli aň ulgamlarynyň kömegi bilen 371 sany kitaby ýazyp, neşir etmegi başardy. Yerli «EWN» radiosynyň habar bermegine görä, öň 14 ýyllap neşirýat ulgamynda zähmet çeken awtor 2025-nji ýylyň fewralynda emeli aň teknolojialaryny özleşdirip, gysga wagtyň içinde doly derejeli romanlary döretmäge mümkinçilik berýän hususy ulgamyny işläp düzdi. Ýazyjy her bir eseriň sýužetini, stiline hem-da каarakterlerini özi kesgitläp, emeli aňa meýilnama berýär, alnan garalama bolsa jemleýji tapgyrda awtor tarapyndan redaktirlenýär.

Täze romany döretmek üçin emeli aňa bary-ýogy 45 minut töweregi wagt gerek bolup, taýýar tekst iki gezek neýroulgamdan geçirildikden soň adam tarapyndan okalyp, neşire taýýarlanýar. Awtor öz kitaplarynyň 1 milliondan gowrak nusgasyny satmagy başardy we 2026-njy ýylda 1 million dollardan gowrak peýda gazandy. Ýazyjynyň emeli aň bilen bilelikde döreden söýgi romanlarynyň biri hatda «Amazon» platformasynyň iň geçginli 100 bestselleriniň hataryna girmegi başardy.

Häzirki wagtda Koral Hart öz eserlerini sanly, çap edilen we audio formatlarda okyjylara hödürleýär hem-da özüni täjirçilik edebiýatynda täze eýýamyň düýbüni tutujy hökmünde görkezýär. Şeýle hem ol emeli aňdan peýdalanmak ýoly bilen kitap ýazmak dyesinde beýleki awtorlar üçin «Authorythm» diýlip atlandyrylýan ýörite programma üpjünçiligini taýýarlaýar. Bu täsin tejribe edebiýat äleminde emeli aňyň amaly mümkinçilikleriniň täze sahypasyny açdy.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌