Oýun sanawy

Türkmenistanyň ýaş alymlary Taýlandda geçirilen Bütindünýä ylmy bäsleşiginde altyn baýraklara eýe boldular

03 Few. 06:47

Çeşme

Türkmenistanyň ýaş alymlarynyň ylmy işleriniň halkara derejede uly üstünlik gazanandygy mälim boldy. Patma Igdirowa we Mekan Rozmyradow atly iki ýaş alym Taýlandyň Bangkok şäherinde 2026-njy ýylyň 29-njy ýanwaryndan 2-nji fewralyna çenli geçirilen ýaşlaryň arasynda ylmy oýlap tapyşlar we innowasiýalar boýunça Bütindünýä bäsleşiginde (WYSII 2026) altyn baýraklara mynasyp boldular.

Iki türkmen alymy hem Oguz han adyndaky Türkmenistanyň Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň wekilleridir. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berdi.

Patma Igdirowa mandragora ösümliginden biologik taýdan işjeň birleşmeleri almak usullaryna bagyşlanan ylmy barlagy üçin bir wagtda iki abraýly sylaga eýe boldy. Ol bilim ulgamyndaky innowasiýalar üçin berilýän INTERACT 2026 INNOVATIVE EDUCATOR AWARD ýörite baýragyny, şeýle hem ylmy ähmiýeti we täzeligi üçin GOLD AWARD altyn baýragyny aldy. Bu üstünlik Türkmenistanyň ylmy mümkinçilikleriniň ýokary derejesini aýdyň görkezýär.

Himiýa we nanotehnologiýalar fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Mekan Rozmyradow daşky gurşaw üçin howpsuz, ýokary durnukly keratin esasly bioplastikleri döretmek boýunça ylmy işini üstünlikli hödürläp, «Ekologiýa we durnukly ösüş» ugry boýunça bäsleşigiň iň gowy bäş işiniň hataryna girdi. Bu ylmy işiň ýolbaşçysy Patma Igdirowa boldy. Netijede, Mekan Rozmyradow bäsleşigiň altyn medaly bilen sylaglandy.

WYSII bäsleşigi ylym we innowasiýa ulgamy boýunça dünýäde iň abraýly çäreleriň biri bolup, her ýyl dürli ýurtlardan zehinli ýaş alymlary bir ýere jemleýär. Türkmenistanyň wekilleriniň bu bäsleşikdäki ýeňşi ýurduň halkara ylmy giňişligindäki ornunyň barha berkeýändigini tassyklaýar.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Magtymguly adyndaky TDU-da görnükli ýazyjy Nurmyrat Saryhanowyň 120 ýyllyk ýubileýine bagyşlanan döredijilik duşuşygy geçirildi

Bugün 07:13

Çeşme

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde görnükli türkmen ýazyjysy Nurmyrat Saryhanowyň doglan gününiň 120 ýyllygy mynasybetli «Ýagşyny ýatlap...» atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Uniwersitetiň resmi internet saýtynda habar berlişi ýaly, çäre ýazyjynyň baý edebi mirasyny wagyz etmäge hem-da «Şükür bagşy» filmininde baş keşbi janlandyran tehniki ylymlaryň doktory, professor, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi Amandurdy Handurdyýewiň ýagty ýadygärligini hatyralamaga bagyşlandy. Duşuşyga Ylymlar akademiýasynyň alymlary, ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.

Döredijilik çäresiniň dowamynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy işgärleri we alymlary Nurmyrat Saryhanowyň döredijilik ussatlygy hem-da eserleriniň golýazma mirasy barada çykyş etdiler. Şeýle hem köp ýyllaryň dowamynda TDU-da mugallymçylyk eden professor Amandurdy Handurdyýewiň milli kino sungatyna we ylym älemine goşan uly goşandy aýratyn nygtaldy.

Sazlaşykly geçen duşuşykda türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň talyplary «Şükür bagşy» powesti esasynda edebi-sazly kompozisiýany ham-da «Gün hakynda ballada» atly çeper okaýşy köpçülige hödürlediler. Uniwersitetiň «Bagtyýarlyk owazlary» medeni merkeziniň dutarçylary tarapyndan meşhur filmden mukamlar ýerine ýetirilip, çäre gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌