Oýun sanawy


Aprel aýynda Türkmenistanda sanly tehnologiýalara gyzyklanýan talyplar üçin giň gerimli hakaton bäsleşigi guralar. Bäsleşigiň guramaçysy Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutydyr.
20–21-nji aprel günleri onlaýn görnüşinde geçiriljek «IT-Intellekt: Sanly test – 2026» atly bu çäre Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň hem-de orta hünär okuw jaýlarynyň talyplaryny bir ýere jemlär.
Bäsleşik şahsy we toparlaýyn tapgyrlardan ybarat bolar. Türkmenistanda ýerleşýän her bir okuw mekdebi üç talypdan ybarat diňe bir topar bilen gatnaşyp biler.
Hakatona gatnaşmak isleýän talyplar 6-njy aprele çenli bellenen görnüşdäki sowalnamany dolduryp, guramaçylara ugratmalydyrlar. Türkmenistanda geçiriljek bu hakaton barada giňişleýin maglumatlary institutyň resmi internet sahypasyndan ýa-da görkezilen telefon belgisi arkaly alyp bolýar.
Şeýle hem okanyň


Mary welaýatynda ýylda 50 müň tonna önüm öndürmäge ukyply täze süýt gaýtadan işleýän kärhana dabaraly açyldy
26 Okt. 10:04Mary welaýatynyň Mary etrabynyň «Täze Oba» daýhan birleşiginiň çäginde ýylda 50 müň tonna süýdi gaýtadan işlemäge niýetlenen döwrebap önümçilik toplumy dabaraly ýagdaýda ulanyşa berildi. Täze senagat desgasynyň açylyş dabarasyna ýerli häkimiýet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň wekilleri, senagat kärhanalarynyň hünärmenleri, talyplar ham-da hormatly ýaşulular gatnaşdylar. Bu döwrebap toplum sebitiň azyk senagaty kuwwatyny ep-esli artdyrmaga uly goşant goşar.
Täze zawodyň gurluşyk işleri hususy telekeçi Guwançmyrat Orazowa hemişelik ulanmak üçin bölünüp berlen 3,5 gektar meýdanda alnyp baryldy. Taslamanyň baş potratçysy hökmünde ýurduň öňdebaryjy «Täze Aý Önümleri» hojalyk jemgyýeti çykyş etdi, alnyp barylan gurluşyk işleri bolsa Türkiýe Respublikasynyň ýöriteleşdirilen kompaniýasy tarapyndan enjamlaşdyrylan metal gurluşlar we kämil materiallar bilen üpjün edildi.
Kärhana iň döwrebap tehnologik liniýalar, önümçilik sehler hem-da barlaghana-gözegçilik bölümleri bilen doly üpjün edilendir. Bu ýokary tehnologik enjamlar köp görnüşli süýt we gatyk önümlerini öndürmäge, amallaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga we önümleriň peýdaly häsiýetlerini saklamak bilen olaryň saklanyş möhletini uzaltmaga mümkinçilik berýär. Desganyň ulanyşa girizilmegi içerki bazary ýerli önümler bilen bökdençsiz üpjün etmäge hem-da sebitde täze iş orunlaryny döretmäge şert döredýär.
Şeýle hem okanyň