Oýun sanawy

Türkmenistanda «Materiallaryň garşylygy» boýunça V Açyk halkara internet olimpiadasy geçirildi

18 Mart. 13:51

Çeşme

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda (TDBGI) Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda «Materiallaryň garşylygy» dersi boýunça V Açyk halkara internet olimpiadasy uzak aralykdan üstünlikli geçirildi. Bu halkara çäre ýurdumyzyň bilim ulgamyny sanlylaşdyrmak we halkara hyzmatdaşlygy berkitmek strategiýasynyň çäginde möhüm ädim boldy. Olimpiadany institutyň rektorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji M.Babaýew gutlag sözi bilen açyp, gatnaşyjylara üstünlikler diledi.

Halkara bäsleşige dünýäniň dürli künjeklerinden, şol sanda ABŞ-dan, Germaniýadan, Hytaýdan, Russiýadan, Türkiýeden we beýleki onlarça döwletden jemi 877 talyp gatnaşdy. Gatnaşyjylaryň geografiki gerimi Awstraliýadan Ugandanyň we Pakistanyň ýokary okuw mekdeplerine çenli giňedi. Bu görkeziji Türkmenistanyň bilim ojaklary tarapyndan guralýan intellektual bäsleşiklere dünýä derejesinde gyzyklanmanyň barha artýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Olimpiada bir tapgyrda geçirilip, talyplara ders boýunça çylşyrymly 6 sany mesele çözmek teklip edildi. Bu wezipeleri ýerine ýetirmek üçin gatnaşyjylara 120 minut wagt berildi, bu bolsa olardan diňe bir çuňňur nazary bilimleri däl, eýsem gysga wagtyň içinde dogry karara gelmek ukybyny hem talap etdi. Eminler toparynyň agzalary hökmünde daşary ýurtlaryň ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň tejribeli mugallymlary çykyş edip, bäsleşigiň aýdyňlygyny we ýokary derejesini üpjün etdiler.

Guramaçylaryň bellemegine görä, şeýle halkara bäsleşikleriniň yzygiderli geçirilmegi bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy berkitmäge we tejribe alyşmaga giň ýol açýar. Bu çäre ylmy gözleglere höwesli we çylşyrymly inženerçilik meselelerini özbaşdak çözmäge ukyply zehinli talyplary ýüze çykarmaga ýardam edýär. Şeýle hem, sanly platforma arkaly guralan bu olimpiada talyplaryň arasynda dostlukly gatnaşyklaryň we halkara ylmy aragatnaşygyň ösmegine goşant goşdy.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

UFC 336 ýaryşynda Karlos Prates bilen Maýkl Moralesiň arasyndaky söweş Islam Mahaçewiň indiki garşydaşyny kesgitlär

26 Okt. 11:00

Çeşme

UFC guramasynyň ýarym orta agram derejesindäki çempiony Islam Mahaçewiň indiki garşydaşy 2027-nji ýylyň 30-njy ýanwarynda Torontoda geçiriljek «UFC 336» turnirinde belli bolar. Reýtingde ikinji we üçünji orunlary eýeleýän braziliýaly Karlos Prates bilen ekwadorly Maýkl Moralesiň arasyndaky duşuşykda diňe bir çempionlyk söweşine çykmak hukugy däl, eýsem ýarym orta agram derejesindäki wagtlaýyn çempionlyk guşagy hem orta goýlar. Mahaçewiň ozaokky söweşi awgust aýynda bolup geçipdi we ol irlandiýaly Ian Gerri ýeňip, ozal ýeňil agramda eýelän üstünliklerinden soň täze agramda hem öz titulyny goramagy başarypdy.

UFC-niň ýolbaşçysy Dana Waýtyň bellemegine görä, gurama Mahaçewiň söweşini 2027-nji ýylyň ýanwarynda geçirmegi meýilleşdiripdi, emma russiýaly çempion 8-nji fewraldan 8-nji marta çenli dowam etjek Remezan aýy tamamlanýança oktagona çykmakdan ýüz öwrdi. Çempionyň çykyşlarynda arakesme boljakdygy sebäpli, gurama Prates bilen Moralesiň duşuşygyny wagtlaýyn çempionlyk söweşi derejesine göterdi. Söweşijileriň ikisi hem ýokary netijeleri görkezýärler: Prates yzly-yzyna üç gezek Jeff Nil, Leon Eduards we Jek Della Maddalena ýaly garşydaşlaryny nokauta giden bolsa, Maýkl Morales UFC-de 7 duşuşykda ýeňilmän кеlýär.

Şeýle hem Torontoda geçiriljek «UFC 336» turniriniň çäklerinde guramanyň iň ýeňil agram derejesindäki häzirki çempiony Joşua Wan öz çempionlyk guşagyny goramak üçin oktagona dolanar. Mýanmaly söweşiji çempionlyk ugrundaky duşuşykda Angolada doglan we Portugaliýa wekilçilik edýän Manel Kape bilen güýç synanyşar. Bu giň göwrümli söweş agşamy halkara sport janköyerleriniň uly sabyrsyzlygy bilen garaşýan bäsleşikleriniň birine öwrer.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌