Oýun sanawy


Türkmen mugallymy Özbegistanda geçirilen ekologiýa çäresinde ýeňiji boldy
29 Awgust. 13:30Şährisabz şäherinde geçirilen «Ýaşlar – geljegi gurujylar» atly V Halkara ekologiýa Gurultaýy Merkezi Aziýadan, Türkiýeden, Russiýadan we beýleki döwletlerden 1000-e golaý hünärmenleri hamala ekologlary bir ýere jemledi. Çäräniň çäklerinde daşky gurşawy goramak hem-de tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak ýaly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Bu abraýly gurultaýda Türkmenistana Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň wekili Oguldurdy Baýramowa wekilçilik etdi. Ekologiýa kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi «Iň gowy halkara ekologik taslama» ugry boýunça geçirilen bäsleşige öz ylmy işini hödürläp, eminleriň ýokary bahasyna mynasyp boldy we birinji orny eýeledi.
Şeýle hem okanyň


Magtymguly adyndaky TDU-da görnükli ýazyjy Nurmyrat Saryhanowyň 120 ýyllyk ýubileýine bagyşlanan döredijilik duşuşygy geçirildi
Bugün 07:13Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde görnükli türkmen ýazyjysy Nurmyrat Saryhanowyň doglan gününiň 120 ýyllygy mynasybetli «Ýagşyny ýatlap...» atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Uniwersitetiň resmi internet saýtynda habar berlişi ýaly, çäre ýazyjynyň baý edebi mirasyny wagyz etmäge hem-da «Şükür bagşy» filmininde baş keşbi janlandyran tehniki ylymlaryň doktory, professor, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi Amandurdy Handurdyýewiň ýagty ýadygärligini hatyralamaga bagyşlandy. Duşuşyga Ylymlar akademiýasynyň alymlary, ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.
Döredijilik çäresiniň dowamynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy işgärleri we alymlary Nurmyrat Saryhanowyň döredijilik ussatlygy hem-da eserleriniň golýazma mirasy barada çykyş etdiler. Şeýle hem köp ýyllaryň dowamynda TDU-da mugallymçylyk eden professor Amandurdy Handurdyýewiň milli kino sungatyna we ylym älemine goşan uly goşandy aýratyn nygtaldy.
Sazlaşykly geçen duşuşykda türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň talyplary «Şükür bagşy» powesti esasynda edebi-sazly kompozisiýany ham-da «Gün hakynda ballada» atly çeper okaýşy köpçülige hödürlediler. Uniwersitetiň «Bagtyýarlyk owazlary» medeni merkeziniň dutarçylary tarapyndan meşhur filmden mukamlar ýerine ýetirilip, çäre gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.