Oýun sanawy


Türkmenistanyň mekdep okuwçylary üçin aprel aýynda ders olimpiadalary geçiriler
23 Mart. 04:53Türkmenistanyň orta mekdepleriniň ýokary synp okuwçylarynyň arasynda aprel aýynda matematika, himiýa we informatika dersleri boýunça uly döwlet bäsleşikleri guralar. Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti tarapyndan geçirilýän bu intellektual bäsleşikler zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga we olaryň ylma bolan höwesini artdyrmaga gönükdirilendir. Olimpiada gatnaşmak isleýän gyzyklanma bildirýän ähli okuwçylar üçin açyk bolup, gatnaşyjylaryň sanyna hiç hili çäklendirme goýulmaýar.
Bäsleşigiň birinji tapgyry sanly ulgam arkaly, ýagny onlaýn formatda 9-11-nji aprel aralygynda geçiriler. Bu tapgyrda okuwçylar öz bilimlerini uzak aralykdan barlap bilerler, bu bolsa ýurdumyzyň iň çetki künjeklerindäki zehinli ýaşlara hem bäsleşige gatnaşmaga deň mümkinçilik berýär. Birinji tapgyrda ýokary netije görkezen okuwçylar paýtagtymyz Aşgabat şäherine, bäsleşigiň ikinji we final tapgyryna gatnaşmak üçin çagyrylar.
Olimpiadalaryň final tapgyry 25-nji aprelde Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň binasynda dabaraly ýagdaýda geçiriler. Bäsleşige gatnaşmak isleýänler degişli maglumatlary 4-nji aprele çenli guramaçylyk komitetine ugratmalydyrlar. Bu möhlet okuwçylaryň we mekdepleriň taýýarlyk işlerini öz wagtynda tamamlamaklary üçin möhümdir. Olimpiadalar baradaky has jikme-jik maglumatlar uniwersitetiň resmi saýtynda ýerleşdirilendir.
Guramaçylyk komitetiniň kararyna görä, bu bäsleşiklerde baýrakly orunlara mynasyp bolan okuwçylar üçin ýörite ýeňillikler göz öňünde tutuldy. Olimpiadada ýokary netije görkezen ýaşlar Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetine okuwa girenlerinde artykmaçlyklardan peýdalanyp bilerler. Bu bolsa ýaşlaryň geljekde nebit-gaz pudagynda ökde hünärmenler bolup ýetişmeklerine uly itergi berjek möhüm maddy we ruhy goldawdyr.
Şeýle hem okanyň


Magtymguly adyndaky TDU-da görnükli ýazyjy Nurmyrat Saryhanowyň 120 ýyllyk ýubileýine bagyşlanan döredijilik duşuşygy geçirildi
Bugün 07:13Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde görnükli türkmen ýazyjysy Nurmyrat Saryhanowyň doglan gününiň 120 ýyllygy mynasybetli «Ýagşyny ýatlap...» atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Uniwersitetiň resmi internet saýtynda habar berlişi ýaly, çäre ýazyjynyň baý edebi mirasyny wagyz etmäge hem-da «Şükür bagşy» filmininde baş keşbi janlandyran tehniki ylymlaryň doktory, professor, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi Amandurdy Handurdyýewiň ýagty ýadygärligini hatyralamaga bagyşlandy. Duşuşyga Ylymlar akademiýasynyň alymlary, ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.
Döredijilik çäresiniň dowamynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy işgärleri we alymlary Nurmyrat Saryhanowyň döredijilik ussatlygy hem-da eserleriniň golýazma mirasy barada çykyş etdiler. Şeýle hem köp ýyllaryň dowamynda TDU-da mugallymçylyk eden professor Amandurdy Handurdyýewiň milli kino sungatyna we ylym älemine goşan uly goşandy aýratyn nygtaldy.
Sazlaşykly geçen duşuşykda türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň talyplary «Şükür bagşy» powesti esasynda edebi-sazly kompozisiýany ham-da «Gün hakynda ballada» atly çeper okaýşy köpçülige hödürlediler. Uniwersitetiň «Bagtyýarlyk owazlary» medeni merkeziniň dutarçylary tarapyndan meşhur filmden mukamlar ýerine ýetirilip, çäre gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.