Oýun sanawy


Türkmen milli konserwatoriýasynda saz sungatynyň döwrebap meseleleri ara alýp maslahatlaşyldy
01 Maý. 09:48Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda «Kompozisiýa we gurallama» kafedrasynyň ýörite hepdeliginiň çäklerinde saz medeniýetiniň ösüşine bagyşlanan ylmy-amaly çäreler toplumy başlandy. Hepdeligiň dabaraly açylyşynda kafedranyň taryhy ýoly, ýetilen belent sebitler we geljekki meýilnamalar barada giňişleýin maglumatlar berildi. Bu çäre ýurduň sazçylyk sungatynyň ylmy binýadyny berkitmekde möhüm ädim boldy.
Maslahatyň esasy bölegi «Kompozisiýa hünäri boýunça okuw derslerini okatmagyň käbir aýratynlyklary» diýen mowzuga bagyşlandy. Onda professional sazandalary taýýarlamagyň döwrebap usullary we milli ýörelgeleri sazlaşykly utgaşdyrmagyň ýollary seljerildi. Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Suhan Tüýliýew özüniň täze ylmy işini — «Türkmen sazynyň nazaryýeti» atly monografiýasyny tanyşdyryp, onuň sazşynaslyk ylmyndaky ähmiýetine ünsi çekdi.
Şeýle hem duşuşykda meşhur kompozitorlar we halypa mugallymlar çykyş edip, özleriniň döredijilik tejribeleri bilen paýlaşdylar. Olar türkmen saz sungatynyň düýbüni tutan Nury Halmämmedow, Daňatar Öwezow we Aman Kulyýew ýaly beýik şahsyýetler baradaky ýatlamalaryny beýan etdiler. Halypalaryň durmuş ýoly we döredijilik mekdebi baradaky bu gürrüňler ýaş kompozitorlar üçin uly mekdep boldy.
Medeni çäräniň dowamynda türkmen sazynyň altyn hazynasyna giren eserleriň arhiw ýazgylary diňlenildi. Bu bolsa talyplara we maslahata gatnaşyjylara saz eserleriniň gurluşyny we ruhy mazmunyny has çuňňur duýmaga mümkinçilik berdi. Konserwatoriýada geçirilýän bu ylmy-döredijilik hepdeligi milli saz mirasyny gorap saklamak we ony täze nesillere ýetirmek ugrunda alnyp barylýan işleriň aýdyň netijesidir.
Şeýle hem okanyň


Günorta afrikaly ýazyjy emeli aňyň kömegi bilen 370-den gowrak kitap neşir edip, 1 million dollar gazandy
24 Okt. 13:11Koral Hart lakamy bilen tanalýan günorta afrikaly ýazyjy soňky 20 aýyň dowamynda emeli aň ulgamlarynyň kömegi bilen 371 sany kitaby ýazyp, neşir etmegi başardy. Yerli «EWN» radiosynyň habar bermegine görä, öň 14 ýyllap neşirýat ulgamynda zähmet çeken awtor 2025-nji ýylyň fewralynda emeli aň teknolojialaryny özleşdirip, gysga wagtyň içinde doly derejeli romanlary döretmäge mümkinçilik berýän hususy ulgamyny işläp düzdi. Ýazyjy her bir eseriň sýužetini, stiline hem-da каarakterlerini özi kesgitläp, emeli aňa meýilnama berýär, alnan garalama bolsa jemleýji tapgyrda awtor tarapyndan redaktirlenýär.
Täze romany döretmek üçin emeli aňa bary-ýogy 45 minut töweregi wagt gerek bolup, taýýar tekst iki gezek neýroulgamdan geçirildikden soň adam tarapyndan okalyp, neşire taýýarlanýar. Awtor öz kitaplarynyň 1 milliondan gowrak nusgasyny satmagy başardy we 2026-njy ýylda 1 million dollardan gowrak peýda gazandy. Ýazyjynyň emeli aň bilen bilelikde döreden söýgi romanlarynyň biri hatda «Amazon» platformasynyň iň geçginli 100 bestselleriniň hataryna girmegi başardy.
Häzirki wagtda Koral Hart öz eserlerini sanly, çap edilen we audio formatlarda okyjylara hödürleýär hem-da özüni täjirçilik edebiýatynda täze eýýamyň düýbüni tutujy hökmünde görkezýär. Şeýle hem ol emeli aňdan peýdalanmak ýoly bilen kitap ýazmak dyesinde beýleki awtorlar üçin «Authorythm» diýlip atlandyrylýan ýörite programma üpjünçiligini taýýarlaýar. Bu täsin tejribe edebiýat äleminde emeli aňyň amaly mümkinçilikleriniň täze sahypasyny açdy.