Oýun sanawy

Dünýä ykdysadyýeti boýunça halkara olimpiadanyň ýeňijileri mälim edildi

26 Maý. 04:29

Çeşme

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty tarapyndan ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda guralan ykdysadyýet boýunça IV açyk halkara internet olimpiadasynyň jemleri jemlenildi. Ýaş zehinleri ýüze çykarmakda we olaryň intellektual ukyplaryny ösdürmekde uly orun eýeleýän bu bäsleşik nobatdaky gezek ýokary guramaçylyk derejesine eýe boldy. Bu ylym forumy dünýäniň dürli künjeklerinden bolan ýokary okuw mekdepleriniň arasynda ylmy-bilim hem-de dostlukly gatnaşyklary has-da berkitmäge uly goşant goşdy.

Şu ýyl geçirilen internet bäsleşigine gatnaşyjylaryň gerimi örän giň boldy. Halkara intellektual ýaryşda dünýäniň 12 döwletinden, ýagny Türkmenistandan, Russiýadan, Belarusdan, Özbegistandan, Gazagystandan, Ermenistanyň, Gyrgyzystandan, Täjigistandan, Pakistandan, Azerbaýjandan, Türkiýeden we Germaniýadan jemi 39 sany ýokary okuw mekdebiniň bäsleşige ukyply 140 talyby özara güýç synanyşdy. Bu görkezijiler Aşgabatda guralýan sanly ylym taslamalaryna daşary ýurtlarda uly gyzyklanma bildirilýändigini subut edýär.

Halkara bäsleşigiň netijelerine görä, gatnaşyjylaryň 66-sy baýrakly orunlara, şol sanda 11 sany birinji, 22 sany ikinji we 33 sany üçünji orunlara mynasyp boldular. Türkmen talyplary özleriniň ýokary bilim derejesini we amaly başarnyklaryny görkezip, ýurdumyzyň ylym abraýyny belende göterdiler hem-de jemi 21 sany baýrakly orny eýelediler. Olaryň hatarynda Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyby Nursoltan Mämmedowa hem-de Türkmenistanyň Döwlet maliýe institutynyň talyby Elnara Derbaşowa birinji orunlary eýelemegi başardylar.

Bäsleşikde daşary ýurtly talyplar hem örän işjeň çykyş edip, ykdysadyýet ylmynyň çetki meselelerini çözmekde kämil bilimlerini görkezdiler we jemi 45 sany baýrakly orna mynasyp boldular. Şolaryň arasynda 9 sany birinji orny Russiýanyň, Pakistanyň, Ermenistanyň, Gazagystanyň we Germaniýanyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň zehinli ýaşlary eýelediler. Ýylsaýyn guralýan bu olimpiada dünýä ykdysadyýetiniň durnukly ösüş proseslerini ylmy taýdan öwrenýän ýaş hünärmenleriň kämilleşmegine uly itergi berýär.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Mary welaýatynda ýylda 50 müň tonna önüm öndürmäge ukyply täze süýt gaýtadan işleýän kärhana dabaraly açyldy

26 Okt. 10:04

Çeşme

Mary welaýatynyň Mary etrabynyň «Täze Oba» daýhan birleşiginiň çäginde ýylda 50 müň tonna süýdi gaýtadan işlemäge niýetlenen döwrebap önümçilik toplumy dabaraly ýagdaýda ulanyşa berildi. Täze senagat desgasynyň açylyş dabarasyna ýerli häkimiýet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň wekilleri, senagat kärhanalarynyň hünärmenleri, talyplar ham-da hormatly ýaşulular gatnaşdylar. Bu döwrebap toplum sebitiň azyk senagaty kuwwatyny ep-esli artdyrmaga uly goşant goşar.

Täze zawodyň gurluşyk işleri hususy telekeçi Guwançmyrat Orazowa hemişelik ulanmak üçin bölünüp berlen 3,5 gektar meýdanda alnyp baryldy. Taslamanyň baş potratçysy hökmünde ýurduň öňdebaryjy «Täze Aý Önümleri» hojalyk jemgyýeti çykyş etdi, alnyp barylan gurluşyk işleri bolsa Türkiýe Respublikasynyň ýöriteleşdirilen kompaniýasy tarapyndan enjamlaşdyrylan metal gurluşlar we kämil materiallar bilen üpjün edildi.

Kärhana iň döwrebap tehnologik liniýalar, önümçilik sehler hem-da barlaghana-gözegçilik bölümleri bilen doly üpjün edilendir. Bu ýokary tehnologik enjamlar köp görnüşli süýt we gatyk önümlerini öndürmäge, amallaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga we önümleriň peýdaly häsiýetlerini saklamak bilen olaryň saklanyş möhletini uzaltmaga mümkinçilik berýär. Desganyň ulanyşa girizilmegi içerki bazary ýerli önümler bilen bökdençsiz üpjün etmäge hem-da sebitde täze iş orunlaryny döretmäge şert döredýär.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌