Oýun sanawy
Balkanabatda zehinli ýaşlaryň intellektual bäsleşigi — «Brain-ring»
25 Few. 09:53Balkanabat şäherindäki «Kämil bilim» okuw merkeziniň şahamçasynda ýaşlar üçin üç tapgyrdan ybarat «Brain-ring» intellektual bäsleşigi geçirildi. Çäräniň guramaçylary Balkan welaýat Baş bilim müdirligi, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşi we «Kämil bilim» okuw merkeziniň Balkanabat şahamçasy boldy.
Ýaryşa jemi 25 topar gatnaşdy. Olar arasynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Balkanabat bölümi, Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebi, welaýat ýörite sungat mekdebi hem-de şäheriň 10–12-nji synplarynda bilim alýan okuwçylar bar.
Fewral aýynyň dowamynda geçirilen saýlama tapgyry test görnüşinde boldy. Soňraky tapgyrlarda toparlar finala çykmak üçin bäsleşdiler. «Brain-ring» düzgünine görä ýaşlar diňe bir bilim derejesini däl, eýsem berlen soraglara çalt we takyk jogap bermek, logiki pikirlenmek we toparlaýyn işlemek ukyplaryny hem görkezdiler. Finalda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Balkanabat bölümi bilen şäheriň 24-nji orta mekdebiniň okuwçylary duşuşdylar.
«Kämil bilim» okuw merkeziniň Balkanabat şahamçasynyň robot tehnikasy boýunça mugallymy Söhbetmyrat Bäşow çykyş etdi:
— Bu bäsleşik ýaşlaryň intellektual taýdan özara bäsleşmegi üçin döwrebap meýdança boldy. Sanly tehnologiýalaryň ösmegi bilen, çalt seljermek we takyk netije çykarmak ukyplary aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Üç tapgyryň netijeleri ýaşlaryň ýokary bilim derejesini we intellektual ýaryşlara bolan uly gyzyklanmany görkezdi. Geljekde-de zehinli ýaşlary ýüze çykarmak üçin şeýle çäreleri yzygiderli geçirmegi meýilleşdirýäris.
Emin agzalarynyň çözgüdine görä, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Balkanabat bölümi birinji orna, şäheriň 24-nji orta mekdebiniň okuwçylary ikinji orna, şäheriň 12-nji we 6-njy orta mekdepleriniň toparlary bolsa üçünji orna mynasyp boldy.
Ýeňijilere guramaçylar we ýaryşyň hemaýatkärleri tarapyndan hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Bu intellektual bäsleşik ýaşlaryň ylma bolan höwesini artdyrmakda we döredijilik ukyplaryny ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe boldy.
Şeýle hem okanyň


Magtymguly adyndaky TDU-da görnükli ýazyjy Nurmyrat Saryhanowyň 120 ýyllyk ýubileýine bagyşlanan döredijilik duşuşygy geçirildi
Bugün 07:13Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde görnükli türkmen ýazyjysy Nurmyrat Saryhanowyň doglan gününiň 120 ýyllygy mynasybetli «Ýagşyny ýatlap...» atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Uniwersitetiň resmi internet saýtynda habar berlişi ýaly, çäre ýazyjynyň baý edebi mirasyny wagyz etmäge hem-da «Şükür bagşy» filmininde baş keşbi janlandyran tehniki ylymlaryň doktory, professor, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi Amandurdy Handurdyýewiň ýagty ýadygärligini hatyralamaga bagyşlandy. Duşuşyga Ylymlar akademiýasynyň alymlary, ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.
Döredijilik çäresiniň dowamynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy işgärleri we alymlary Nurmyrat Saryhanowyň döredijilik ussatlygy hem-da eserleriniň golýazma mirasy barada çykyş etdiler. Şeýle hem köp ýyllaryň dowamynda TDU-da mugallymçylyk eden professor Amandurdy Handurdyýewiň milli kino sungatyna we ylym älemine goşan uly goşandy aýratyn nygtaldy.
Sazlaşykly geçen duşuşykda türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň talyplary «Şükür bagşy» powesti esasynda edebi-sazly kompozisiýany ham-da «Gün hakynda ballada» atly çeper okaýşy köpçülige hödürlediler. Uniwersitetiň «Bagtyýarlyk owazlary» medeni merkeziniň dutarçylary tarapyndan meşhur filmden mukamlar ýerine ýetirilip, çäre gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.
Şeýle hem okanyň