Oýun sanawy

Türk lirasy taryhy iň pes derejesine düşdi

05 Ýan. 12:03

Çeşme

Türkiýäniň milli pul birligi bolan türk lirasy dollara bolan gatnaşygynda täze taryhy iň pes derejesine ýetdi. Walýuta bazarlarynda bir ABŞ dollarynyň bahasy takmynan 43 lira deň boldy, bu bolsa öň hasaba alynmadyk dereje hökmünde bellendi.

Soňky görkezijiler liranyň köp ýyllyk gowşama tendensiýasynyň dowam edýändigini görkezýär. Ykdysady kynçylyklar, içerki maliýe meseleleri we bazarlardaky ynamsyzlyk fonunda türk lirasy birnäçe gezek täze antirekordlary täzeledi we öz gymmatyny yzygiderli ýitirýär.

Sebit ýurtlary üçin, şol sanda Türkmenistan üçin hem bu ýagdaý doly bitarap däl. Türkiýe Türkmenistan bilen işjeň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy alyp barýan ýurtlaryň biridir. Şonuň üçin liranyň kursundaky üýtgeşmeler Türkmenistan bilen bagly daşary söwda amallaryna, hasaplaşyklara we nyrh syýasatyna belli bir derejede täsir edip biler.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Günorta afrikaly ýazyjy emeli aňyň kömegi bilen 370-den gowrak kitap neşir edip, 1 million dollar gazandy

24 Okt. 13:11

Çeşme

Koral Hart lakamy bilen tanalýan günorta afrikaly ýazyjy soňky 20 aýyň dowamynda emeli aň ulgamlarynyň kömegi bilen 371 sany kitaby ýazyp, neşir etmegi başardy. Yerli «EWN» radiosynyň habar bermegine görä, öň 14 ýyllap neşirýat ulgamynda zähmet çeken awtor 2025-nji ýylyň fewralynda emeli aň teknolojialaryny özleşdirip, gysga wagtyň içinde doly derejeli romanlary döretmäge mümkinçilik berýän hususy ulgamyny işläp düzdi. Ýazyjy her bir eseriň sýužetini, stiline hem-da каarakterlerini özi kesgitläp, emeli aňa meýilnama berýär, alnan garalama bolsa jemleýji tapgyrda awtor tarapyndan redaktirlenýär.

Täze romany döretmek üçin emeli aňa bary-ýogy 45 minut töweregi wagt gerek bolup, taýýar tekst iki gezek neýroulgamdan geçirildikden soň adam tarapyndan okalyp, neşire taýýarlanýar. Awtor öz kitaplarynyň 1 milliondan gowrak nusgasyny satmagy başardy we 2026-njy ýylda 1 million dollardan gowrak peýda gazandy. Ýazyjynyň emeli aň bilen bilelikde döreden söýgi romanlarynyň biri hatda «Amazon» platformasynyň iň geçginli 100 bestselleriniň hataryna girmegi başardy.

Häzirki wagtda Koral Hart öz eserlerini sanly, çap edilen we audio formatlarda okyjylara hödürleýär hem-da özüni täjirçilik edebiýatynda täze eýýamyň düýbüni tutujy hökmünde görkezýär. Şeýle hem ol emeli aňdan peýdalanmak ýoly bilen kitap ýazmak dyesinde beýleki awtorlar üçin «Authorythm» diýlip atlandyrylýan ýörite programma üpjünçiligini taýýarlaýar. Bu täsin tejribe edebiýat äleminde emeli aňyň amaly mümkinçilikleriniň täze sahypasyny açdy.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌