Oýun sanawy


Häzirki zaman futbolynyň iň görnükli şahsyýetleriniň biri, Argentinanyň futbol toparynyň kapitany Lionel Messiniň hormatyna dünýäde iň uly we iň beýik heýkel toplumy gurlup başlandy. «MIR 24» habarlar agentliginiň berýän maglumatyna görä, bu täsin ýadygärligiň umumy boýy 26 metre barbar bolar. Taslama laýyklykda, äpet heýkel dünýä futbolynyň rowaçlygyna öwrülen Messiniň dünýä kubogyny ellerinde belent göterip, ýeňşi dabaralandyrýan taryhy pursadyny özünde jemleýär.
Heýkeliň göwresiniň aşa mähnet we agyr bolmagy sebäpli, ony gurnamak işleri aýratyn bölekler görnüşinde tapgyrlaýyn alnyp barylýar. Ýadygärligiň äpet böleklerini birleşdirmek we ýerine oturtmak üçin 70 tonna çenli ýük götermäge ukyply bolan ýörite agyr tehnika we kranlar ulanylýar. Konstruktsiýanyň ägirt uly ölçeglerine garamazdan, ussat heýkeltaraşlar futbolçynyň keşbiniň iň kiçi jikme-jikliklerine çenli gaty takyk işläp taýýarladylar. Bu çylşyrymly işde esasan hem hüjümçiniň ýüz keşbini we emosional ýagdaýyny durmuşy şekillendirmek has köp zähmeti talap etdi.
«Heýkeliň kelle bölegini ýasamak we Messiniň özüne meňzetmek gaty köp wagzymyzy aldy. Biz diňe şu bölegiň üstünde iki aýlap gije-gündiz işledik. Esasan hem meşhur futbolçynyň gözleriniň nury we agzynyň gurluşyny takyk şekillendirmek örän kyn boldy. Netijede, biz Messiniň Hindistanda oturdylan heýkelinden hem 5 metr beýik bolan täze bir dünýä rekordyny goýmagy başardyk» diýip, taslamanyň baş heýkeltaraşy Aldo Berois gürrüň berdi.
Ýadygärligiň gurluşygyny alyp barýan hünärmenler bu äpet medeni desganyň gurluşyk-gurnama işlerini gysga möhletde tamamlamagy maksat edinýärler. Taslamanyň guramaçylary täze heýkeliň dabaraly açylyş çäresini futbol boýunça dünýä çempionatynyň başlanjak güni bolan 11-nji iýuna çenli amala aşyrmagy meýilleşdirýärler. Bu mähnet taslama diňe bir sport janköýerleriniň däl, eýsem bütin dünýä syýahatçylarynyň iň köp gelýän gözel künjekleriniň birine öwrüler.
Şeýle hem okanyň


Günorta afrikaly ýazyjy emeli aňyň kömegi bilen 370-den gowrak kitap neşir edip, 1 million dollar gazandy
24 Okt. 13:11Koral Hart lakamy bilen tanalýan günorta afrikaly ýazyjy soňky 20 aýyň dowamynda emeli aň ulgamlarynyň kömegi bilen 371 sany kitaby ýazyp, neşir etmegi başardy. Yerli «EWN» radiosynyň habar bermegine görä, öň 14 ýyllap neşirýat ulgamynda zähmet çeken awtor 2025-nji ýylyň fewralynda emeli aň teknolojialaryny özleşdirip, gysga wagtyň içinde doly derejeli romanlary döretmäge mümkinçilik berýän hususy ulgamyny işläp düzdi. Ýazyjy her bir eseriň sýužetini, stiline hem-da каarakterlerini özi kesgitläp, emeli aňa meýilnama berýär, alnan garalama bolsa jemleýji tapgyrda awtor tarapyndan redaktirlenýär.
Täze romany döretmek üçin emeli aňa bary-ýogy 45 minut töweregi wagt gerek bolup, taýýar tekst iki gezek neýroulgamdan geçirildikden soň adam tarapyndan okalyp, neşire taýýarlanýar. Awtor öz kitaplarynyň 1 milliondan gowrak nusgasyny satmagy başardy we 2026-njy ýylda 1 million dollardan gowrak peýda gazandy. Ýazyjynyň emeli aň bilen bilelikde döreden söýgi romanlarynyň biri hatda «Amazon» platformasynyň iň geçginli 100 bestselleriniň hataryna girmegi başardy.
Häzirki wagtda Koral Hart öz eserlerini sanly, çap edilen we audio formatlarda okyjylara hödürleýär hem-da özüni täjirçilik edebiýatynda täze eýýamyň düýbüni tutujy hökmünde görkezýär. Şeýle hem ol emeli aňdan peýdalanmak ýoly bilen kitap ýazmak dyesinde beýleki awtorlar üçin «Authorythm» diýlip atlandyrylýan ýörite programma üpjünçiligini taýýarlaýar. Bu täsin tejribe edebiýat äleminde emeli aňyň amaly mümkinçilikleriniň täze sahypasyny açdy.